Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de giň möçberli maksatnamalar üstünliklere beslenýär. Baky Bitarap ata Watanymyz öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirip, ählumumy durnukly ösüş maksatlarynyň dünýäde amala aşyrylmagyna oňaýly goşant goşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde eziz Diýarymyz täze ösüşlere barýar. Agzybirlikli zähmet netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ygtybarly ösüşlere eýe bolunýar. Netijede, halkymyz eşretli günleriň hözirini görýär.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly täze üstünlikler bilen tamamlandy. Halk hojalygyndaky durnukly ösüş saklanyp galyndy. Jemi içerki önümdäki ösüş depgininiň 6 göterime golaý bolmagy, ählumumy dünýä ykdysady ösüşinde birnäçe esse ýokary bolmagy, hormatly Prezidentimiziň parasatly ykdysady strategiýasynyň esasynda durmuşa geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň giňden döredilmegi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagy hem-de sanlylaşdyrylmagy babatda giň gerimli işler ýerine ýetirildi. Şol bir wagtda halkymyzyň abadan hem-de asuda durmuşda ýaşamagy üçin köp sanly medeni maksatly binalar ulanmaga berildi. Olar hem ýokary amatlyklara eýe bolan kaşaň ýaşaýyş jaý toplumlarydyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat taýdan kuwwatlanmagy üçin ençeme işler durmuşa ornaşdyryldy. Täze sement zawodlarynyň gurluşygyna badalga berildi. Nebitgaz pudagynyň iri desgasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligiň depginleriniň ýokarlandyrylmagy üçin iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ak pata berildi. Şeýle hem nebitiň çykarylyşynyň artdyrylmagy üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ençeme ylalaşyklar gazanyldy.
Saglygy goraýyş ulgamyna degişli köp sanly täze desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna gönükdirildi. Ýurdumyzyň ilatyna berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek hem-de onuň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ýanyk şikesleri bejeriş merkezi hem-de Estetiki merkezi ulanmaga berildi. Şeýle hem Ahal welaýatynda Bagabat şypahanasynyň hem-de 200 orunlyk Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň açylmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy üçin uly mümkinçilik boldy.
Senagat taýdan kuwwatly ýurda öwrülýän Diýarymyzda ykdysadyýetiň ýene-de bir täze ugry elektronika senagaty kemala gelýär. Soňky döwürde bu pudakda uly işler alnyp barylýar. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy ýurdumyzda ilkinji bolup kompýuter tehnikalaryny öndürmäge girişdi. Kärhana öz işine okadyş noutbuklaryny öndürmekden başlady. Her ýyl ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan noutbuklar sowgat berilýär. Ozal bu enjamlar daşary ýurtlardan getirilýän bolsa, 2019-njy ýyldan başlap, olaryň ornuny ýurdumyzda öndürilen noutbuklar tutdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgertmeler, onuň sanlylaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy hem ýokary hünärli programmaçylaryň, inžener-işläp düzüjileriň, kompýuter ylymlarynyň we maglumatlar tehnologiýalarynyň hünärmenleriniň nesliniň kemala gelmegine goldaw bermäge gönükdirilendir.
Oba zähmetkeşleri «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylyny ýokary görkezijiler bilen jemlediler. Ýurdumyzda pagtanyň hem-de bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Döwletimiz tarapyndan ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik taraplara we raýatlara 99 ýyl möhleti bilen ýerleriň peýdalanmaga berilmegi baradaky taryhy Karary oba hojalygynyň has-da ösdürilmegi üçin täze itergi boldy. Ilkinji nobatda, bölünip berlen ekerançylyk ýerleriniň azyndan 70 göterimi şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleri üçin ulanylyp, galan ýer böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki ekinler ekiler, ol hem ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ýylyň ähli paslynda halkymyza gök we bakja, ýeralma, üzüm hem-de beýleki miweler bilen üpjün edilmegine şertler döreder.
Üstümizdäki ýylda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak babatda giň gerimli işler dowam etdirildi. Ýurdumyzyň elektron poçta ulgamy döredildi hem-de messenjer programmasy işe girizildi. Köp sanly täze web saýtlar döredildi we döredilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiň ösüşine saldamly goşant goşýan hususy pudagyň wekilleriniň hem önümçilik işlerini goldamak maksady bilen ençeme taryhy çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen maliýe serişdelerini hususy ulgamyň taslamalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirmek, hususan-da, ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň işjeňligini ösdürmek babatdaky işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ösdürmäge gönükdirilendir.
Hakberdi NURYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.