Ýa­po­n alym­lary agaç­dan eme­li hem­ra ýa­sa­ma­gyň üs­tün­de iş­le­ýärler. Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa şeý­le gur­na­ma­nyň kos­mos gi­ňiş­li­gin­de hiç hi­li zy­ýan­ly yz­la­ry goý­ma­jak­dy­gyny mä­lim edýärler.
Ýa­pon hü­när­men­le­rin­den yba­rat to­par, dün­ýä­dä­ki il­kin­ji tutuşlygyna agaç­dan ýa­sal­jak eme­li hem­ra­nyň tas­la­ma­syny dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýärler hem-de gel­jek­de ony älem gi­ňiş­li­gi­ne uçur­magy göz öňün­de tu­t­ýarlar. Aga­jyň at­mos­fe­ra­da ýan­ma­gynyň ne­ti­je­sin­de zy­ýan­ly yz gal­dyr­ma­jak eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ma­te­ri­al­dy­gy bel­le­nil­di. Agaç­dan ýa­sa­lan eme­li hem­ra­nyň elekt­ro­mag­nit tol­kun­la­ryny bök­de­me­ýän­di­gi üçin onuň içi­ne dür­li an­ten ýa-da teh­no­lo­gik en­jam­la­ry ýer­leş­di­rip bol­jak­dy­gy mä­lim edil­ýär.
Ýa­po­ni­ýa­nyň agaç önümlerini öndürýän «Su­mi­to­mo Fo­rest­ry» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len Kio­to uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry şeý­le tä­sin tek­lip bi­len çykyş et­di­ler. Ola­ryň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, agaç­dan ýa­sa­lan il­kin­ji eme­li hem­ra­ 2023-nji ýyl­da kos­mo­sa uçu­ry­lyp bil­ner.
«Eurocon­sult» göz­leg kom­pa­ni­ýa­sy­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, ýa­kyn 10 ýylyň içinde her ýyl­da müň tö­we­re­gi kos­mos gä­mi­si Ýeriň aşaky or­bi­ta­sy­na uçu­ry­lar. Bu 2028-nji ýy­la çen­li or­bi­ta­da 15 müň töweregi hem­ranyň bo­lup bil­jek­di­gi­ni aň­lad­ýar.

Aý­çe­men NO­BA­TO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.