Hytaýyň iri şäheri Şanhaýda 1-nji ýanwardan başlap söwda nokatlarynyň ählisinde plastik torbalary ulanmagy gadagan edýän kanun güýje girdi. Şäheriň söwda merkezleri, supermarketleri, dermanhanalary, kitap dükanlary we beýleki ýerleri mundan beýläk harytlary plastik torbalara salyp bermejekdigini habar berdi. Şeýle hem, eltip bermek hyzmatlarynda plastik torbalaryň ulanylmagy bes ediler we garbanyşhanalarda bir gezek ulanylýan plastik turbajykdyr gap-gaçlar aradan aýrylar. Bu gadaganlyk täze taýýarlanan iýmitleri gaplamak üçin niýetlenen ýörite plastik torbalara degişli däldir.
Şanhaýdaky dükanlaryň köpüsi täze düzgünler heniz güýje girmänkä, alyjylaryň plastik torbalary ulanyşyny çäklendirmek maksady bilen zerur çäreleri berjaý etdiler. Ýerli häkimiýet uzak wagtdan bäri plastik galyndylar meselesini çözmegiň üstünde işleýär. Şäher häkimligi 2008-nji ýylda bir gezek ulanylýan plastik torbalaryň ulanylmagyny çäklendirmek syýasatyny durmuşa geçirip başlady, ýöne 2021-nji ýylyň ýanwaryndan güýje giren bu çäklendirmeler, dükanlarda kagyzdan we beýleki materiallardan ýasalan we gaýtadan ulanylmaga ukyply bolan torbalary ulanmaga ilaty höweslendirmek üçin döredilen çärelerden ybarat boldy.
Bu çäreler ýakyn ýyllarda beýleki ugurlarda hem ýaýbaňlandyrylar. Şeýlelik bilen, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Şanhaýdaky ähli myhmanhanalar bir gezek ulanylýan plastmassa önümlerinden ýüz öwürmeli bolarlar. Şanhaý poçta hyzmaty we gyssagly eltip beriş kompaniýalary şu ýylyň dowamynda plastik torbalary doly aradan aýrarlar.