Gon­kong­da iň uzyn we çuň su­was­ty tunnel açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di. 5,5 ki­lo­met­re uza­ýan bu ge­çel­ge Gon­kon­gyň Tun­mun se­bi­ti­ni Lan­tao ada­sy hem-de Gon­kong-Ma­kao-Çžu­haý köp­rü­si­niň gi­rel­ge­si bi­len de­ňiz ar­ka­ly bir­leş­di­ren­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Su­was­ty ge­çel­gä­niň ba­ha­sy 6,1 mil­liard dol­la­ra deň bo­lup, onuň gur­lu­şy­gy ýe­di ýyl­dan gow­rak wag­ta çek­di. Bu ge­çel­ge ar­ka­ly he­re­ket et­mek tölegsiz bo­lar. Suwasty geçelge de­ňiz düý­bü­niň 60 metr çuň­lu­gyn­dan uzap gid­ýär. Ge­çel­gä­ni gur­mak üçin dia­met­ri 17,6 metr bo­lan bu­raw ma­şy­ny ula­nyl­dy. Bu Gon­kong­da bu­raw ar­ka­ly gur­lan il­kin­ji su­was­ty tun­nel­dir.