Ösüşlerden ösüşlere barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kompýuter we robot tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda jemgyýetçilik durmuşynda hem «akylly ulgamlardan», kompýuter we robot tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak ýola goýulýar. Täze tehnologiýalar merkezleriniň gurulmagy we beýleki tehnologik özgerişler bu ugurdaky ilkinji uly ädimlerdir. Günsaýyn kämilleşýän kompýuter tehnologiýalary indi maglumat jemgyýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taryh boýunça adamzat öz ýaşaýyşyny gowulaşdyrmagyň, gündelik durmuşyny aňsatlaşdyrmagyň ýoluny gözläpdir. Netijede, gadymy döwürlerde adamlar tebigat güýçlerinden peýdalanyp, gündelik durmuşda sarp edýän fiziki güýjüni azaltmak üçin birnäçe çylşyrymly mehanizmleri oýlap tapypdyr.
Orta asyrlarda ýaşap geçen «Zamanasynyň ajaýyby» adyny alan Ysmaýyl Abu al-iz ibn Rezzaz al-Jezeri kibernetikanyň we robotlaryň atasy hökmünde ykrar edilipdir. Onuň ady Ysmaýyl bolup, Jezeri onuň doglan ýeri bilen baglanyşyklydyr.
Al-Jezeri (1136-1208) öz döwründe 60-dan gowrak çylşyrymly awtomatik mehanizmi, robotlary, sagatlary, suw maşynlaryny, termosy we awtomatik oýunjaklary ýasapdyr. Şeýle-de, ol özüniň meşhur «El Jami-ul beýnel ilmi al-amelien nafi fi sinnatil hiýel» (Mehanizmleri ýasamagyň bilimleri we amallary) atly kitabynda mehanizmleriň 300-den gowragyny çyzgylar bilen düşündiripdir. Al-Jezerini çuňňur öwrenen Donald Hill soňra onuň meşhur eserini iňlis diline («The Book of Knowledge of Ingenious Mechanical Devices», 1974ý) terjime edipdir. Ol özüniň örän takyk hasaplamalar arkaly oýlap tapan mehanizmlerini suw we howa basyşy arkaly herekete getiripdir. Aýratynam ol suw maşynlarynyň kämilleşdirilmegine uly üns beripdir.
Artykly türkmen döwletiniň hökümdarlary Gara Arslan beg (1144-1174) we agtygy Nasreddin Mahmyt Al Jezeriniň işlerine ýokary baha berip, oňa köşkde işlemäge şert döredipdirler hem-de onuň oýlap tapyşlaryna ýakyndan hemaýatkärlik edipdirler. Şonuň üçinem Al-Jezeri özüniň «Mehanizmleri ýasamagyň bilimleri we amallary» atly eserini Artykly türkmen döwletiniň hökümdary (Diýarbekirde) Nasreddin Mahmyda sowgat hökmünde ýazypdyr.
Bilşimiz ýaly, belli bir algoritmler esasynda haýsydyr bir işi ýerine ýetirmäge programmirlenen, hereket edip bilýän mehanizmlere robot diýilýär. Aslynda, robot sözi çeh dilindäki «iş; işçi» diýen manyny aňladýan sözden gelip çykýar. Al-Jezeriniň Artykly hökümdaryna sowgat hökmünde ýasan, öz-özünden (awtomatik) hereket edýän roboty dünýäniň ilkinji roboty hasaplanýar. Mehaniki bilimiň taryhynda giňden tanalýan Tarentli Arhitiň ýasan çaklaňja, bir gezeklik uçup bilýän oýnawaç guşuny hasap etmeseň, Al-Jezeriniň üznüksiz hereket edip bilýän bu robotlary dünýä taryhynda ilkinjidir.
Al-Jezeriniň hökümdara sowgat eden eliňi ýuwmak üçin suw akydyp berýän roboty, deprek çalýan robotlary, «ýöreýän» tawus guşy roboty, açarsözli gapyrjaklary, suwuň güýji bilen üznüksiz işleýän sagady, özbaşdak ýüzýän gaýyk we gaýykçy roboty hem-de beýleki awtomatik mehanizmleri ýurduň paýtagty bolan Diýarbekir şäherindäki Içgala köşgünde ulanylypdyr. Al-Jezeriniň ýaşan döwründe entek elektrik güýji bolmansoň, ol öz ýasan mehanizmlerini herekete getirmek üçin sada usullardan, ýagny ýeriň dartyş güýjünden, suwuň we howa basyşynyň sazlaşykly hereketinden peýdalanypdyr. Ol ýeliň we akýan suwuň güýjünden peýdalanyp, derýanyň suwuny ýokaryk galdyrýan mehanizmi ýasapdyr.
Hezretaly Mätjikow,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.