Mongoliýada Çingiz han döwründen tä 1941-nji ýyla çenli ulanylan köne mongol ýazuwyna gyzyklanma barha artýar. Hytaýyň Içerki Mongoliýa sebitiniň ýaşaýjylary köne mongol ýazuwy arkaly öz dillerini takyk öwrenmäge tagalla edýän bolsalar, garaşsyz Mongoliýanyň ýaşaýjylary kirillisa elipbiýini ileri tutýarlar.
– Adamlar köne mongol ýazuwyna hemişe hormat goýup, ony gorapdyrlar. Emma soňky wagtlar bu ýazuwa bolan isleg has-da artýar – diýip, köne mongol ýazuwy boýunça mugallym Batbileg Lhagwabaatar aýtdy.
Kirillisa, latyn ýa-da häzirki zaman hytaý ýazuwyndan tapawutlylykda, köne mongol ýazuwy keseligine däl-de, dikligine, ýokardan aşaklygyna ýazylýar. Harplaryň çyzgysy Ýakyn Gündogardan gelip çykýar, orta asyr köne uýgur we sogdyý elipbiýiniň üsti bilen gadymy siriýa ýazuwyna uzaýar. Köne mongol elipbiýi XIII asyrda mongollar Ýewraziýanyň ägirt uly giňişliklerine aralaşan döwürleri döredilipdir.
1990-njy ýyllardan bäri Mongoliýada latyn ýazuwyna geçmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşylýar, emma goldaw tapmaýanlygy sebäpli yza süýşürilip gelinýär. 2015-nji ýylda ýurduň Parlamenti «Hural» kirillisa elipbiýiniň ulanylmagyny kepillendirýän we köne mongol ýazuwyny mekdep meýilnamasyna girizýän kanun kabul etdi.
– Kirillisa elipbiýini ulanmak bilen diňe 90 ýyllyk taryhymyzy goraýarys. Köne mongol ýazuwyny gorap saklamak bilen bolsa, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeniýetimizi goraýarys – diýip, Mongol döwlet uniwersitetiniň mongol dili boýunça barlaglaryň müdiri Dalaýn Zaýabaatar aýtdy.