Täze 2021-nji ýylyň ilkinji güni «Türk akymy» gaz geçirijisiniň «Balkan akymy» diýlip atlandyrylýan şahasynyň açylmagy Serbiýa üçin möhüm waka boldy. Şeýlelikde, ilkinji kub metr gaz Türkiýäniň üsti bilen Serbiýa akyp başlady. Indi «Türk akymynyň» üsti bilen gaz alýan Ýewropa ýurtlarynyň sany alta ýetdi: Bolgariýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Rumyniýa, Serbiýa, Bosniýa we Gersegowina.
Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Balkan akymynyň serb bölüminiň işe giriziliş dabarasyna gatnaşdy.
– Bu Serbiýa üçin taryhy gün! – diýip, Serbiýanyň Baştutany aýtdy.