Ýaponiýa 2030-njy ýyllaryň ortalaryna çenli benzin hereketlendirijisi bolan awtoulaglary satuwdan aýyrmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýet, senagat we söwda ministrligi bu meseläniň üstünde çynlakaý işleri alyp barýar. 2030-njy ýyllaryň ortalarynda satuwa çykaryljak täze awtoulaglaryň hemmesinde gibrid, elektrik ýa-da wodorod hereketlendirijisiniň boljakdygy habar berilýär.
Muňa Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny nola çenli azaltmak baradaky niýeti itergi berdi. Ýurduň ykdysadyýet, senagat we söwda ministrliginiň benzin hereketlendirijileri aradan aýran halatynda, öndürijileriň elektrik hereketlendirijileri pudagynda has batyrgaý meýilnamalary işläp düzmeklerine itergi berer diýlip garaşylýar. Garaşylyşy ýaly, bu maksat üçin anyk çäreler ýylyň ahyryna çenli belli bolar.