Ýer ýüzünde dürli täsinlikler bar. Endemiki jandarlary we ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýan Awstraliýada hem geň-enaýy çöl bar. Günbatar Awstraliýadaky Te-Pinakls atly bu çölde daş sütünlerinden emele gelen «tokaý» görenleri haýran galdyrýar. Ululy-kiçili dik we inçe daşlar jahankeşdeleriň we fotosuratçylaryň ünsüni özüne çekýär. Hek daşlaryndan emele gelen müňlerçe sütün haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolmadyk çägelikde ýerleşýär. Sary kwars çägeleriniň üstünde ýerleşýän ujy çürelip gidýän sütünler müňlerçe ýylyň dowamynda emele gelipdir. Daş «tokaýy» 4 inedördül kilometr meýdany eýeleýär. Daşlaryň arasynda galam ýaly kiçijikleri hem bar, uzynlygy 5 metre ýetýän has uly görnüşleri hem bar. Olaryň iň ulusynyň diametri 2 metre barabar bolup, daşlar käýerde has gür, käýerde seýrek ýerleşýär. Sütünleriň käbiri termit garynjalarynyň ýerüsti hinlerine meňzeýär. Hünärmenler daş sütünleri daşky şekillerine görä toparlara bölüpdirler. Bu toparlara piliň aýagy, mellegiň haýaty, düýe, kenguru we azy dişi ýaly atlar berlipdir. Bu gaýtalanmajak tebigy ýadygärlik günüň dogýan wagty hem-de alagaraňkyda has owadan bolup görünýär. Sütünler tolkun şekilli bolup, gum alaňlaryna düşýän kölegesi jadylaýjy görnüşi emele getirýär.
Te-Pinakls çöli gijesine has salkyn, gündizine yssy bolýar. Şol sebäpli ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň köpüsi aw etmek üçin gijesine hinlerinden çykýarlar. Gün batyp, garaňky gatlyşandan soňra çal kengurular, süýreniji jandarlar, emular (düýeguşa meňzeş uçup bilmeýän guş bolup, ululygy boýunça düýeguşdan soňra ikinji ýerde durýar) peýda bolýar. Guşlaryň birnäçe görnüşi täsin daşlaryň töwereginde uçup başlaýar.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde bu ýerdäki sütünleriň deňizde ýaşaýan balykgulaklaryň we beýleki ownuk jandarlaryň galyndylaryndan emele gelendigi ýüze çykarylypdyr. 120-700 müň ýyl ozal ýyly suwlarda ýaşaýan bu jandarlaryň wagtyň geçmegi bilen owranyp çägä öwrülendigi, soňra suwuň akymy bilen kenara çykandygy we ýeliň güýji bilen çölüň jümmüşine barandygy çaklanylýar. Çölde bitýän ösümlikleriň kökleri deňiz kenaryndan ýel bilen gelýän çägeleriň saklanyp galmagyna şert döredipdir. Gyşyna ýagynyň ýagmagy we ýazyna guramagy bilen şeýle gaty daşlar emele gelipdir. Hünärmenler bu sütünleriň 25-30 müň ýyl mundan ozal häzirki şekilini alandyklaryny çaklaýarlar. 1956-njy ýylda iňlis taryhçysy Harri Turner bu sütünleriň üstünden barypdyr. Soňra bu daşlaryň himiki düzümi öwrenilipdir.
Ýolaman Ýolamanow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.