2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda doglan gününiň 150 ýyllygy bellenilen meş­hur rus ýa­zy­jy­sy Iwan Alekseýewiç Bu­nin (1870-1953) rus ede­bi­ýa­ty­nyň iň şa­hy­ra­na we realist aw­tor­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ol öm­rü­niň soň­ky otuz ýy­ly­ny Pa­riž­de ýa­şa­­ýar. Em­ma ol Pa­riž­de ýa­şan döw­rün­de hem he­mi­şe Wa­ta­ny­ny küý­säp gez­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, Bu­ni­niň Fran­si­ýa­da ýa­zan eser­le­ri­niň ag­la­ba­syn­da ýur­du­na bo­lan çyn söý­gü­si, teş­ne­li­gi be­ýan edil­ýär. Ýa­zy­jy­nyň «Daýhan­lar» at­ly bu hekaýasy hem Pa­riž­de iki ýyl ýa­şan­soň 1921-nji ýyl­da ýa­zy­lyp­dyr. Eserdäki wa­ka­lar ýa­zy­jy­nyň Wa­ta­ny­na bo­lan hy­juw-yh­la­sy­ny bü­tin dur­ky-düýr­me­gi bi­len ýü­ze çy­kar­ýar. Hekaýanyň li­ri­ki bö­le­gi­ni na­za­ra alyp, ony şa­hy­ra­na eser di­ýip hem at­lan­dyr­saň bo­lar. Eserde to­kaý­da ot ýa­ty­ryp ýö­ren daý­han­la­ryň aý­dy­my­nyň tä­si­ri bi­len kys­sa­çy­da ýü­ze çy­kan duý­gy-dü­şün­je­le­ri aň­mak kyn däl. Ug­ry rea­lizm. Anyk sýu­žet çyz­gy­sy du­ýul­ma­ýan bu hekaýada imp­res­sio­niz­miň ala­mat­la­ry­ny hem gör­mek bol­ýar.
Awtor uly ýo­luň ug­ry bi­len at­ly bar­ýar­ka daý­han­la­ryň ga­ýyň to­ka­ýlygynda ot ýa­ty­ryp ýö­rüş­le­ri­ni syn­lap, Wa­ta­ny­nyň yk­ba­ly we onuň te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly je­bis­li­gi ba­ra­da oý­lan­ýar. Aw­to­ryň öň­ki gaý­gy-gam­syz, ün­jü­siz ýa­şan dö­wür­le­ri­ne bo­lan hö­we­si we duý­gu­la­ry eseriň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Daýhan­lar bi­len ga­ryn­daş­ly­gy­ny sy­zan aw­to­ryň duý­gu­la­ry we pi­kir­le­ri hekaýanyň öze­ni­ni düz­ýär. Ola­ra ho­şal­lyk bil­dir­ýän ýa­zy­jy uzak­lar­dan öz Wa­ta­ny­na köň­li bi­len ýa­kyn­laş­ýar. Ol dog­duk me­ka­nyn­da ge­çi­ren gün­le­ri­niň in­di hiç ha­çan do­la­nyp gel­me­jek­di­gi­ne ýü­rek­den gy­nan­ýar. Aw­tor oky­ja iň güýç­li duý­gu­la­ry­ny ýe­tir­mä­ge ça­lyş­ýar, bu hem onuň esa­sy mak­sa­dy­dyr. Ol duý­gy bol­sa, ýazyjynyň Wa­ta­na bo­lan söý­gü­sin­den göz­baş alyp gaýd­ýar.

Iwan Bunin, rus ýazyjysy

DAÝHANLAR

(Hekaýa)

Biz uly ýo­luň ug­ry bi­len at­ly bar­ýar­dyk, daý­han­lar bol­sa go­laý­da­ky ýaş ga­ýyň to­kaý­ly­gyn­da ot ýa­ty­ryp ýö­rüş­le­ri­ne aý­dy­ma hiň­len­ýär­di­ler.
Bu bir­wagt­lar bo­lup­dy, şol se­bäp­li bi­ziň ýa­şan süýji gün­le­ri­miz in­di hiç ha­çan do­la­nyp gel­mez.
Olar be­de ýa­ty­ryp ýör­kä­ler aý­dym aýd­ýar­dy­lar, he­ni­zem gür­lü­gi­ni we ter­li­gi­ni ýi­tir­me­dik, he­ni­zem gül­ler­den we hoş­boý ys­lar­dan do­ly ga­ýyň to­kaý­ly­gy ola­ra ýaň­la­nyp jo­gap ber­ýär­di.
Bi­ziň deg­re-da­şy­my­zy ym­gyr gi­ňiş­lik­le­r gur­şap al­ýar­dy. Iýun aýy­nyň ikin­di çag­la­ry­dy. Üs­tü­ni gür ot­lar ba­san, ti­gir yz­la­ry ga­lan eg­rem-bug­ram ideg­siz kö­ne uly ýol ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bir­wagt­ky dur­mu­şy­nyň yz­la­ry­ny yz­lap, tü­ke­nik­siz gi­ňiş­li­ge sa­ry uzap gid­ýär­di. Meý­da­nyň alys alaň­la­ry­nyň aňyr­syn­da­ky as­ma­nyň gök­lü­gi­ni ha­ýal­la­dyp, gün­ba­ta­ra ta­rap aşak­lan Gün mis­li ki­li­se su­rat­la­ryn­da çe­ki­li­şi ýa­ly tyl­la ki­min lo­wur­dap, my­my­jak owa­dan bu­lut­laryň aňysynda giz­len­di. Öň­de bir sü­ri go­ýun ça­la­ryp gö­rün­ýär­di, ço­lu­gy bi­len giň so­nar­ly öri meý­dan­da otu­ran gar­ry ço­pan gam­çy­sy­ny iş­ýär­di… Unu­dy­lan bu asu­da, pa­ra­hat gi­ňiş­lik­de wagt her­giz asyr­la­ra, ýyl­la­ra bö­lün­me­dik ýa­ly gö­rün­ýär­di. Daý­han­lar haý­sy­dyr bir gah­ry­man­çy­ly­ga mah­sus er­kin­lik we gaý­duw­syz­lyk bi­len meý­da­nyň ebe­di üm­süm­li­gi­niň, sa­da­ly­gy­nyň we te­bi­gy­ly­gy­nyň içi bi­len ot ýa­ty­ryp ba­ryş­la­ry­na aý­dy­ma hiň­len­ýär­di­ler. Ga­ýyň to­kaý­ly­gy ola­ryň aý­dy­my­ny bol­şy ýa­ly alyp gö­ter­ýär­di.
Olar «uzak» Rýa­zan­dan­dy­lar. Be­de ýa­ty­ryl­ýan dö­wür­de kö­mek ed­ýän bu ki­çi­räk to­par «bi­ziň Or­low ýer­le­ri­miz­den» saý­la­nyp, öňe ta­rap tut­dur­dy­lar. Iş möw­sü­min­de säh­ra­lar­da ga­zanç ed­ýän bu daý­han­lar, bi­ziň­ki­le­re ga­ra­nyň­da, has ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­ýär­di­ler. Olar alys ýol­da­ky­la­ra mah­sus bol­şy ýa­ly ün­jü­siz­di­ler, dost­luk­ly­dy­lar, maş­ga­la we ho­ja­lyk iş­le­ri­ne da­ňy­lyp gal­mak­dan uzak­da aram ta­pan bu yn­san­lar işiň çalt gi­di­şi­ne be­ge­nip, diý­seň hö­we­sli­di­ler. Olar däp-des­sur­la­ryn­da, edim-gy­lym­la­ryn­da, gep­le­ýiş­le­rin­de bi­ziň­ki­ler­den ta­pa­wut­la­nyp, pä­ki­ze, owa­dan eşik­le­ri, ýum­şak de­ri­den ti­ki­len ädik­le­ri, oňat do­la­nan ak do­lak­la­ry, aras­sa ba­lak­la­ry, el­wan ýa­ka­ly köý­nek­le­ri bi­len, nä­hi­lem bol­sa, has ga­dy­my hem-de yş­ga­laň­ly gö­rün­ýär­di­ler.
Olar bir hep­de­läp go­la­ýy­myz­da­ky to­kaý­da ot ýa­tyr­dy­lar, men at­ly bar­ýar­kam, ola­ryň gü­nor­tandan soň işe ge­liş­le­ri­ni syn­la­dym. Sap-sa­gat rus daý­han­la­ry agaç küý­ze­le­rin­dä­ki çeş­me su­wun­dan ba­şy­na çe­kip, teş­ne­li­gi­ni gan­dy­ran­soň­lar, ço­kun­dy­lar-da, egin­le­rin­dä­ki ak sap­ly, ýal­pyl­dap du­ran pä­ki ýa­ly çal­gy­la­ry­ny dü­şü­rip, gu­jur­ly­lyk bi­len haý­dap ug­ra­dy­lar. Olar ny­za­ma du­rup, işe gi­riş­di­ler, hem­me­si bir wagt­da çal­gy­la­ry­ny ýaý­baň hal­da ýe­ňil­lik bi­len he­re­ke­te ge­ti­rip, deň ha­tar bi­len er­ka­na öňe git­di­ler.
Yzy­ma gaý­dyp gel­ýär­käm, ola­ryň ag­şam­lyk edi­nip otu­ran­dyk­la­ry­ny gör­düm. Olar ter çe­men­lik­de otu­ryş­la­ry­na agaç çem­çe­le­ri bi­len gül­gü­ne bir za­dyň bö­lek­le­ri­ni sö­nen oduň kö­zün­den çe­kip çy­kar­ýar­dy­lar.
Men ola­ra sa­lam ber­dim.
Olar gü­ler ýüz bi­len:
– Gur­gun­my­sy­ňyz, hoş gel­di­ňiz! – di­ýip, jo­gap ber­di­ler.
Açyk meý­da­nyň jül­gä in­ýän ýe­rin­den gün­ba­ta­ra ser sa­la­nyň­da gök agaç­la­ryň aňyr­syn­dan he­ni­zem ikin­di şa­pa­gy gy­za­ryp gö­rün­ýär­di. Men ola­ryň şam­ly­gy­na iç­gin göz aý­lam­soň, iýip otu­ran kö­me­lek­le­ri­niň zä­her­li bol­­ma­gyn­dan he­der edip, tis­gi­nip git­dim. Ýö­ne olar di­ňe ýyl­gy­ryp oňaý­dy­lar:
– Zy­ýa­ny ýok, olar to­wuk eti ýa­ly lez­zet­li, tä­miz ahy­ryn!
Soň­ra işe gi­ri­şen daý­han­lar «Öt gü­nä­mi, hoş gal, eý, mäh­ri­ba­nym!» di­ýip, aý­dy­ma hiň­len­di­ler. Olar ga­ýyň to­ka­ýly­gy­nyň içi bi­len öňe süý­şüp ba­ryş­la­ry­na to­ka­ýy gür ot­lar­dyr gül­ler­den mah­rum edip, biygtyýar aý­dy­ma hiň­len­ýär­di­ler. Biz i­kin­di ça­gy­nyň bu pur­sa­ty­ny hiç ha­çan unut­ma­jak­dy­gy­my­za, aky­ly­my­zyň hiç ha­çan oňa ýet­me­jek­di­gi­ne, iň esa­sy­sy bol­sa, ola­ryň aý­dy­my­nyň şeý­le üýt­ge­şik ja­dy­sy­nyň nä­me­di­gi­ne do­ly aň­şy­ryp bil­me­jek­di­gi­mi­ze göz ýe­ti­rip, aýak çek­dik-de ola­ry diň­le­dik.
Bu pursatyň gö­zel­li­gi ga­ýyň to­ka­ýly­gy­nyň ýaň­lan­ma­la­ryn­da we hoş owaz­ly­ly­gyn­da­dy. Onuň gö­zel­li­gi ýö­ne­keý­li­gin­de jem­le­nip, bi­ziň hem-de rýa­zan­ly daý­han­la­ryň syn­lan man­za­ryn­da­dy. Bu gö­zel­lik olar bi­len bi­ziň ara­myz­da­ky bi­lin­me­ýän ga­ny­bir ga­ryn­daş­lyk­da­dy, bi­zi gur­şap al­ýan bol ha­syl­ly meý­dan­da­dy, iň­rik ga­ra­lan çag­la­ry ola­ryň we bi­ziň ça­ga­lyk­dan dem al­ýan meý­da­ny­my­zyň ho­wa­syn­da­dy, gün­ba­tar ta­rap­dan gy­za­ryp gö­rün­ýän bu­lut­lar­da­dy, bi­li­ňe çen­li boý­la­ýan hoş­boý ys­ly ot­lar­da­dy, gül­ler­de­di, ola­ryň ýo­lup iýip ýö­ren san­syz-sa­jak­syz ýa­ba­ny ir-iý­miş­le­rin­den do­ly ser­gin, ýaş to­ka­ýyn­da­dy, bu uly men­zil­de­di, onuň gi­ňiş­li­gin­de­di, syr­ly alys­ly­gyn­da­dy. Gö­zel­lik, bu bi­ziň hem­mä­mi­ziň Wa­ta­nyň per­zent­le­ri­di­gi­miz­de­di, hem­mä­mi­ziň bar­ly­gy­myz­da­dy, duý­gu­la­ry­my­za anyk dü­şün­mez­den hem­mä­mi­ziň go­wu­ly­gy­myz­da­dy, asu­da­ly­gy­myz­da­dy, yh­las­ly­ly­gy­myz­da­dy, şo­ňa gö­rä, şeý­le duý­gu­lar ýa­şa­ýar­ka oňa düşünjek bol­ma­gyň hem ze­rur­ly­gy ýok­dy. Şeý­le-de, daý­han­la­ryň hiň­len­me­le­ri­ne ýaň­la­nyp jo­gap ber­ýän bu ga­ýyň to­ka­ýlygy­nyň owa­zy my­sa­ly di­ňe Wa­tan ru­hu­nyň aý­dym bo­lup ýaň­lan­ýan­dy­gy bu gö­zel­lik­le­ri eme­le ge­tir­ýär­di.
Onuň gö­zel­li­gi hoş owaz­ly, ju­wan, sa­gat kük­rek­le­riň ne­pe­sin­de­di, joş­gu­nyn­da­dy. Ga­dy­my­ýe­tiň kö­ňül owa­zy­na mah­sus sa­da­lyk, ýe­ňil­lik, te­bi­gy­lyk bi­len bir ýü­rek bo­lup, aý­dy­ma hiň­len­ýär­di­ler. Şeý­le gu­jur­ly, sap-sa­gat, ukyp-ba­şar­nyk­la­ryn­dan bi­ha­bar bu yn­san­lar diý­seň göw­na­çyk­dy­lar, gur­sak­la­ry hem aý­dym­­dan do­lu­dy we­lin, tu­tuş to­ka­ýyň öz­le­ri­ne mä­hir­li, my­la­ýym jo­gap ber­me­gi üçin kämahal pes­saý­ja hiň­len­ýär­di­ler, käte bolsa ba­tyr­gaý, güýç­li owaz­laryň ola­ryň ne­pe­si­ni dol­dur­ýan­dy­gy hem du­ýul­ýar­dy.
Daý­han­lar sä­hel­çe-de sä­gin­män, giň aý­law­ly çal­gy­la­ry bi­len tö­we­re­gin­dä­ki ot­la­ry ýa­ty­ryp ba­ryş­la­ry­na, öň­le­rin­dä­ki meý­da­ny eliň aýa­sy ýa­ly et­di­ler, agaç­la­ryň daş-tö­we­rek­le­ri­ni hem ça­lyp, peýwagtyna hiň­len­ýär­di­ler, her­si özü­çe, ýö­ne umu­my bir za­dy be­ýan ed­ýär­di­ler, yl­ham bi­len bir bi­te­wi, üýt­ge­şik­den ne­pis bir işi ed­ýär­di­ler. To­ka­ýyň alys jüm­mü­şin­den ýaň­lan­ýan söz­le­ri, hiň­len­me­le­ri ar­ka­ly be­ýan ed­ýän duý­gu­la­ry, ha­ky­ky gö­zel­li­gi eme­le ge­ti­rip, özü­ne ma­ýyl ed­ýär­di.
Ha­wa, olar hem dog­duk de­pe­si, hem bagt­la­ry, hem umyt­la­ry hem-de bag­ty sa­ýan yn­sa­ny bi­len «hoş­la­şyp, on­dan daş­laş­ýar­dy­lar»:
Öt gü­nä­mi, hoş gal, eý, mäh­ri­ba­nym,
Hoş gal, dog­duk de­päm – eziz Di­ýa­rym!
Ola­ryň her bi­ri söý­gi bi­len ut­gaş­ýan umyt­-ar­zuw­la­ry bi­len bir­töw­ra he­ňe tut­dur­ýar­dy­lar:
Ba­gyş­la, sö­ýe­nim, eý, yg­rar­sy­zym,
Ýü­re­giň lä­bik deý ga­ra bol­du­my?
Söz­le­ri­ne dür­lü­çe ba­sym be­rip, bir­den­kä-de hem­me­si bir­dem­de go­şu­ly­şyp, ba­ky­ýe­te göç­mez­den ozal, ra­zy bo­lup, ýa­kym­ly duý­gu­la­ra bes­len­ýän my­sa­ly, hem­me­le­ri ba­gyş­la­ýan terz­dä­ki haý­sy­dyr bir ada­ty däl re­him-şe­pa­ga­ty hem-de yk­ba­lyň öňün­dä­ki gaý­duw­syz­ly­gy bi­len baş­la­ry­ny at­dy­lar-da, to­ka­ýyň hem­me ýe­ri­ne ýaň­lan­dy­ryp goý­ber­di­ler:
Söý­me­seň, eý, za­lym, bar, Al­la ýa­ryň!
Go­wu­su­na duş­saň, me­ni un­dar­syň!
To­ka­ýyň hem­me ýe­ri ola­ryň saz­la­şyk­ly ses­le­ri­niň dost­luk­ly güý­jü­ne, er­kin­li­gi­ne, kük­rek­le­rin­den çyk­ýan ýi­ti owaz­ly­ly­gy­na duý­gu­daş­lyk bi­len ses­le­nip, ke­si­len ýa­ly bol­dy-da ýe­ne-de alyp gö­ter­di:
Gow­usu­na duş­saň, me­ni un­dar­syň,
Er­be­di­ne duş­saň, puş­man eder­siň!
Bu aý­dy­myň özü­ne çe­ki­ji­li­gi, umyt­syz ýa­ly bo­lup gö­rün­ýän tü­ke­nik­siz şat­ly­gy nä­me­de­di? Bu yn­sa­nyň her ni­çik-de bol­sa öz güýç-kuw­wa­ty­na, tu­tan­ýer­li­li­gi­ne, açyl­ma­dyk gül­dü­gi­ne ynan­ma­ýan­ly­gyn­da­dy, ha­wa, yna­nyp hem bil­me­jek­di­gin­de­di.
«In­di, o ýerlere ýo­lum dü­şer­mi­kä!» di­ýip, daý­han­lar­dan saý­la­nyp ga­lan bi­ri­si öz ýa­nyn­dan içi­ni gep­let­di-de, «Hoş gal, dog­duk de­päm – eziz Di­ýa­rym!» di­ýip hiň­len­mä­ge dur­dy. Ol nä­me-de bol­sa öz wa­ta­nyn­dan büs-bütin aý­ra­ly­gyň ýok­du­gy­ny, kys­mat ni­re­den çy­kar­sa-da, ba­ry­bir üs­tün­de ma­wy as­ma­ny­nyň, deg­re-da­şyn­da er­kin­li­ge, gi­ňiş­li­ge we tä­sin baý­lyk­la­ra eýe bo­lan ümmülmez dog­duk me­ka­ny­nyň bol­jak­dy­gy­ny bil­ýär­di.
Gy­za­ran Gün ga­raň­ky to­ka­ýyň aňyr­syn­da giz­len­di, guş­ja­gaz­la­ryň hem­me­si ýer­li-ýe­rin­de üm­süm otyr­dy. Iň­rik ga­ra­lyp, gi­jä­niň ga­raň­ky­ly­gy tö­we­re­gi gur­şap alan­da, ol ulu­dan dem al­dy-da tö­we­re­gi­ne ser sal­dy. To­ka­ýyň bu jüm­mü­şi oňa şeýle bir mäh­rem­di, pä­ki­ze­di hem-de tä­sin güýç­ler­den do­lu­dy we­lin, hem­me ýer­de onuň dü­şel­ge­si bar­dy, kim­dir bi­ri­niň howandarlygy, mä­hir­li ala­da­sy bar­dy, «Ala­da et­me, ag­şa­myň haý­ryn­dan er­ti­riň şe­ri, ra­hat ýat yn­san ba­la­sy!» di­ýip py­şyr­da­ýan owa­zy bar­dy. Bu ýer­de ony ähli janly-jandarlar, guş-gumrular pe­na­la­dy. Bu to­kaý­da onuň öz hy­ýa­lyn­da gö­wün ýü­wür­den zat­la­ry­nyň äh­li­si, uç­ýan ha­ly­lar, jadyly telpekler bar­dy, süýtli der­ýa­la­rdyr aby-haýat çeşmesi ak­ýar­dy, lowurdap duran lagly-merjenler giz­len­ýär­di. Ru­hy dün­ýä­si kuw­wat­ly güý­je eýe bo­lan bu yn­san, şuň­kar gu­şy ki­min tüm­lük­den aty­lyp çy­kyp, ene top­ra­ga togap edende, gür tokaý ony howp-hatarlardan penalady.
Men ýe­ne bir zat aý­da­ýyn, şol aý­dym­a hiňlenýän döwrümiz bi­zi­ňem, rýa­zan­ly daý­han­la­ryň hem oňat ýadynda saklan bir za­dy bar­dy, şol gün­ler­de biz çäk­siz bagt­ly­dyk, in­di ol gün­ler örän uzak­da, gaý­dyp do­lan­ma­jak geç­miş­de gal­dy. Ol gün­ler az pur­sat­lyk owa­dan düýş ýa­ly du­şu­myz­dan ge­çip git­di. Men ge­çen gün­le­riň ýa­ky­myn­dan te­sel­li göz­läp, as­ma­na sa­ry na­zar aý­la­dym.

Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew. “Zaman-Türkmenistan”