Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda meşhurlygy has-da artýan Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri Ýens Şpan şu ýylyň sentýabr aýynda Germaniýanyň Kansleri wezipesine dalaş etmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Ozal habar berlişi ýaly 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Germaniýada Bundestaga saýlawlar geçiriler. Ýurduň häzirki Kansleri Angela Merkel umumyfederal Parlament saýlawlarynda öz dalaşgärligini hödürlemejekdigini mälim etdi. Ýakyn günlerde nemes konserwatorlarynyň – Hristian Demokratik Bileleşiginiň (CDU) gurultaýy geçiriler, onda partiýanyň täze başlygy saýlanar. Bu gurultaýda Ýens Şpan Germaniýanyň Kansleri wezipesine dalaşgär bolar. CDU-nyň başlygy wezipesine üç dalaşgär resmi taýdan ýüz tutýar: işewür Fridrih Mers, Demirgazyk Reýn federal ýeriniň Premýer-ministri Armin Lasşet we Bundestagyň halkara gatnaşyklar boýunça işleriniň komitetiniň başlygy Norbert Rýotgen.

Soňky hepdelerde saglygy goraýyş ministri partiýanyň wekilleri bilen özüniň syýasy mümkinçiliklerini işjeň ara alyp maslahatlaşýar. Saglygy goraýyş ministri Ýens Şpan mundan ozal Armin Laşetiň CDU-nyň başlygy wezipesine dalaşgärligini goldaýardy. Indi ol partiýanyň başlygy wezipesine bolan bäsdeşlige gatnaşyp bilmese-de, Kansler wezipesine geçmek mümkinçiligine garaýar. CDU-nyň birnäçe wekiliniň tassyklamagyna görä, Armin Laşet CDU-nyň başlygy wezipesini eýelän halatynda-da Ýens Şpan bu mümkinçiligi göz öňünde tutýar.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Kantar merkezi tarapyndan geçirilen pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 52 göteriminden gowragynyň 2021-nji ýylda Ýens Şpanyň Kansler wezipesini eýelemeginiň tarapdarydygyny görkezdi. Şol pikir soralyşykda saglyk ministr sesleriň 51 göterimini gazanyp, meşhurlygy boýunça Angela Merkelden öňe geçdi.