Geçen asyryň ortalaryndan bäri kosmos giňişligine dürli ululykda ýüzlerçe enjam uçuryldy. Olaryň köpüsi aragatnaşyk maksady bilen ulanylýan bolsa, soňky ýyllarda adamly gatnawlaryň sany hem artdy. Ähli ulag serişdelerinde bolşy ýaly, kosmos gämileri hem belli bir derejede howa üçin zyýanly tüsse çykarýar. “SpaceX” kompaniýasy çykdajylary hem-de  daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen bir gezekden köp ulanyp bolýan raketalary we kosmos gämilerini öndürýär. Kompaniýa ýolbaşçylyk edýän Ilon Mask daşky gurşaw üçin zyýansyz raketalary hem öndürmegi  maksat edinýändiklerini mälim etdi.

Raketalaryň ýangyjy birnäçe ýyldan bäri kosmos maksatnamalarynyň esasy alada edilýän ugry bolup gelýär. “SpaceX”-iň we beýleki birnäçe birnäçe kompaniýanyň raketalarynda “RP-1” atly ýangyç ulanylýar. “Starship” we “Super Heavy” ýaly has täze raketalar howany o diýen hapalamaýar. Ilon Mask bolsa bulardan hem arassa raketa öndürmegiň aladasyny edýär. Täze maksatnama görä, howadaky kömürturşy gazyny “tutulyp”, oňa suw garyşdyryp, ondan metan gazy öndüriler. Bu metan gazy raketalarda ýangyç hökmünde ulanylar. Emma bu usulyň has köp elektrik energiýasyny talap edýändigi bellenilýär. Munuň üçin gerek bolan energiýanyň Gün panelleri, suw we ýel arkaly öndürjekdigi göz öňünde tutulanda täze usulyň daşky gurşaw üçin zyýansyzdygyny aýtmak mümkin. “SpaceX”, ilkinji nobatda, geljekde Marsda gurulmagy maksat edinilýän desgalarynda bu usuly peýdalanmagy göz öňünde tutýar.