Bütindünýä bankynyň (The World Bank) “Global ykdysady perspektiwalary” (GEP) atly hasabatynda COVID-19-a garşy sanjymlaryň ýylyň dowamynda giň gerimde dowam etdirilmegi netijesinde, dünýä ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 4 göterim ösjekdigini tassyklaýar.
Bütündünýä bankynyň bilermenleri dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak we maýa goýumlarynyň ösüşine itergi berýän özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen has aýgytly çäreler görülmedik halatynda ykdysady dikelişiň haýal boljakdygyny çaklaýarlar. Olaryň bellemegine görä, dünýä ykdysadyýeti 2020-nji ýylda 4,3 göterim peselenden soň ýene-de ösüş ýoluna başlady.
Bütindüýä bankynyň wekilleriniň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylda ABŞ-nyň jemi içerki önümi 3,5 göterim, ýewro zolagyňky – 3,6 göterim, Ýaponiýanyňky – 2,5 göterim öser. Halkara maliýe edarasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýeti 3,6 göterim, ýewro zolagyň ykdysadyýeti – 7,4 göterim, Ýaponiýanyňky – 5,3 göterim pese düşdi. Hytaýyň ykdysadyýeti, 2020-nji ýylda 2 göterim ýokarlanandan soň, şu ýyl 7,9 göterim öser diýlip garaşylýar.