12-nji ýan­war­da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­ni­len Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Sýan Naý­çe­ni ka­bul et­di.
Il­çi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­sy esa­syn­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly diý­lip yg­lan edi­len Tä­ze, 2021-nji ýyl­da iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Mil­li Li­de­ri­miz mä­hir­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na hem-de hal­ky­na bag­ty­ýar­lyk we aba­dan­çy­lyk ba­ra­da ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň döw­let­le­ri, hu­su­san-da, se­bit möç­be­rin­dä­ki mö­hüm tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da stra­te­gik hyz­mat­daş bo­lan Hy­taý bi­len dä­be öw­rü­len dost­luk­ly, öza­ra hor­mat­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz il­çi­ni jo­gap­kär­li we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, oňa iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, şol san­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we se­bit dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len asyl­ly işin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Hy­ta­ýyň dün­ýä­niň gün ter­ti­bin­dä­ki mö­hüm me­se­le­le­re umu­my çe­me­leş­me­le­ri­niň we ga­ra­ýyş­la­ry­nyň, hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ryn­da bi­ri-bi­ri­ne ber­ýän gol­daw­la­ry­nyň ge­çen ýyl­la­ryň için­de äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ýo­la goý­lan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry has-da gi­ňelt­mek üçin bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Hä­zir­ki wagt­da şeý­le üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk umu­my pi­ki­re gö­rä, hal­ka­ra iş­le­ri­ni oňyn iler­let­me­giň, pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­ma­gyň hem-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, se­bit­de we dün­ýä­de aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň ara­syn­da­ky ynam­ly gat­na­şyk­lar türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam et­di. 2013-nji we 2014-nji ýyl­lar­da ama­la aşy­ry­lan öza­ra döw­let sa­par­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my uzak möh­let­li, stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan hyz­mat­daş­ly­ga kuw­wat­ly iter­gi ber­di.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de iki ýur­duň öza­ra gy­zyk­lan­ma­sy­ny we öza­ra üs­ti ýe­ti­ril­ýän, uly kuw­wa­ta eýe bo­lan mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-hy­taý ko­mi­te­ti şol gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny ugur edin­ýär.
Ägirt uly tas­la­ma­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi – Türk­me­nis­tan­dan Hy­ta­ýa «ma­wy ýan­gy­jy» ak­dyr­ýan hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gu­rul­ma­gy öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň hem-de ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­li ut­gaş­dyr­ma­gyň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň gün­do­gar se­bi­tin­de ýer­le­şen iri Ma­laý gaz ýa­ta­gyn­dan Türk­me­nis­tan-Öz­be­gis­tan-Ga­za­gys­tan-Hy­taý hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­ne gym­mat­ly ener­ge­ti­ka çig ma­ly­nyň mil­liard­lar­ça kub met­ri ba­ryp go­wuş­ýar.
Ýa­kyn­da bu ýer­de ýyl­lyk kuw­wa­ty 30 mil­liard kub metr bo­lan Ma­laý gaz gy­sy­jy des­ga­sy da­ba­ra­ly ýag­daý­da işe gi­ri­zi­ler. Ol çep ke­nar­dan iki sa­ny kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my bo­ýun­ça «Bag­ty­ýar­lyk» şert­na­ma­la­ýyn çä­ge ak­dy­ryl­jak türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň eks­por­ty­ny iki es­se art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Sýan Naý­çen öza­ra gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir al­şy­lan­dy­gy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Prezidentimizi iki ýur­duň hem-de ola­ryň dost­luk­ly halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry has-da ber­kit­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.