14-nji ýanwarda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibirgan şäherine çenli elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Dabarada teleköpri arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani çykyş etdiler.

Çykyşlara Lebap welaýatynyň “Ruhyýet” köşgüniň gatnaşyjylary, Owganystandan gatnaşýanlar, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Mary welaýatyndan gatnaşyjylar teleköpri arkaly dabara tomaşa etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti gysga möhletlerde amala aşyrylan bu üç taslamanyň umumy maksada – biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna, giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir diýip nygtady. Ol şeýle hem, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň köp ýyllyk ýakyn hem-de sazlaşykly türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesi bolup durýandygyny belläp geçdi.

Kabul şäherindäki Prezident köşgünden baglanan Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Owganystan we onuň halky üçin bu çäreleriň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdi. Bu desgalar diňe ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem sebit ykdysadyýetiniň integrasiýasynyň berkidilmegi babatynda hem aýratyn ähmiýetli bolup durýandygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň demir ýol ulaglary, energetika we aragatnaşyk düzümleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çärä gatnaşyjylara häzirki zaman infrastrukturalary durmuşa geçirmek babatynda Türkmenistan we Owganystan tarapyndan alnyp barlan uly möçberli işler barada aýdyp, olar Akina-Andhoý demir ýolunyň, Ymamnazar–Akina hem-de Serhetabat–Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisiniň işe girizilmäge taýýardygy barada hasabat berdiler.

Çykyşlar tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani täze desgalaryň açylmagyna ak pata berdiler.