14-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet Baştutanlary, hökümet agzalary, iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow we Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy Mohammad Ýamma Şams dabara gatnaşyjylara gurluşyk işleri barada gürrüň berdiler.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy öz çykyşynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen birikýän Akina-Andhoý demir ýol şahamçasynyň Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup, Lazurit (Lapis-Lazuli) geçelgesiniň wajyp bölegi boljakdygyny belledi.
Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy Akina-Andhoý demir ýoly Owganystanyň ykdysady ösüşinde, kiçi we orta telekeçiligiň işjeňleşdirilmeginde we täze iş ýerlerini döretmekde we Owganystanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmekde täze mümkinçilikleri açar diýip belledi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Akina-Andhoý demir ýolunyň işe girizilmegine ak pata berdiler.
Demir ýol şahamçasynyň açylyşynda Türkmenistanyň eksport önümleri ýüklenen 20 wagondan ybarat demir ýol düzümiň Akina bekedinden Andhoý şäherine tarap ugrady.