12-nji ýanwarda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy dü­züm­le­ri, şol san­da ÝTÖB bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny ep-es­li gi­ňel­den­di­gi­ni bel­le­di­ler. Bu bank bi­len hyz­mat­daş­lyk­da mö­hüm tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­dy.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar gel­jek­ki gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň bar­şyn­da, ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler bi­len bag­ly­lyk­da, gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Da­şa­ry ýurt ma­ýa­la­ry­ny hem-de Di­ýa­ry­my­zyň te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­nyň se­riş­de­le­ri­ni çek­mek üçin ýur­du­myz­da dö­re­di­len amat­ly ýag­da­ýyň esa­syn­da ma­ýa go­ýum işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek bu öz­gert­me­le­riň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Şeý­le hem türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hu­su­sy ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de «Halk­bank» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ryň me­ýil­na­ma­la­ry hä­zir­ki za­man işe­wür­lik ugur­la­ry­ny hem-de bank ul­ga­myn­da do­lan­dy­ryş işi­ni gol­da­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýar.