Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde, Türkmenistanyň syýahatçylyk ugry halkara derejesine göterilip, bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasy öz miwesini berýär. Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy diýlende, ilki bilen, halkara jahankeşdeleriniň aňyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy gelýär. Gojaman Hazaryň kenary bu günki günde milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda tanalmaz derejede özgerdi we ol halkara syýahatçylygynyň esasy merkezleriniň birine öwrüldi.
Indi birnäçe ýyldan bäri Awazada halkara derejesinde syýahatçylyk forumlary geçirilýär. Şu ýylyň 27-29-njy sentýabry aralygynda Awazada “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi guraldy. Onuň çäklerinde bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirildi.
Bu halkara forum 2016-njy ýylda “Syýahatçylyk hemmeler üçin – ählumumy elýeterliligi höweslendirmek” diýen şygar astynda bellenilýän Bütindünýä syýahatçylyk gününe gabatlandy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Seýrana” myhmanhanasynda geçirilen halkara foruma dünýäniň 22 ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Polşadan, Belgiýadan, Ysraýyldan, Iordaniýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Hindistandan, Latwiýadan, Estoniýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan wekiliýetler geldi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, onda bu duşuşygyň Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna, özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şypahana-sagaldyş we dynç alyş ugurlarynda tejribe alyşmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Sergi Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň täsin syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, syýahatlar ulgamynyň we myhmansöýerligiň, dynç almagyň dürli görnüşlerini guramagyň täze meýilleri hakynda örän möhüm maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.
Serginiň çäklerinde geçirilen maslahatda edilen çykyşlarda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklardan başlap, hünär bilimi babatda hyzmatdaşlyga çenli bolan meseleleriň giň toparyny gozgadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda syýahatçylyk ykdysadyýetiň iň girdejili pudaklarynyň birine öwrüldi – BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) maglumatlaryna görä, 2015-nji ýylda dünýä syýahatçylygyndan, jahankeşdeleriň daşary ýurtlarda bolmagyndan alnan girdejiler 3,6 göterim ýokarlandy we 1,2 milliard dollara deň boldy, ulag hyzmatlaryny nazara alanyňda bolsa, bu görkeziji 1,4 trillion dollara barabar boldy. Dünýä boýunça syýahatçylaryň akymy geçen ýyl jahankeşdeleriň 1,18 milliard rekord sanyna ýetip, geçen ýylyň şol görkezijisinden 4,4 göterim köp boldy (50 million adama golaý). Syýahatçylyk pudagy dünýä ykdysadyýetiniň agramly bölegini düzüp, dünýä eksportunyň 3-nji hataryny eýeleýär. Şunda jahankeşdelik eýýäm birnäçe ýyl bäri dünýä eksportunda çalt ösýän pudak bolmagynda galýar, syýahatçylaryň ulaglara sarp edýän çykdajylaryny nazara almak bilen, syýahatçylyk pudagynyň ortaça girdejileri bir günde 4 milliard dollara deň bolup durýar. Geografiýa barada aýdylanda bolsa ýakyn geljekde Aziýada we Aziýa-Ýuwaş Umman sebitinde has köp ösüşe garaşylýar.
Forumyň çäklerinde bölümçeler boýunça “Türkmenistanyň taryhy medeni mirasy” diýen mowzuk boýunça “Seýrana” myhmanhanasynda, “Syýahatçylykda bilim we ykdysady innowasiýalar” “Hazar” myhmanhanasynda, üçünjisi bolsa, “Ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmegiň meseleleri” diýen at bilen “Bagtyýar” myhmanhanasynda maslahatlar geçirildi.
27-nji sentýabr – Bütindünýä Syýahatçylyk güni
Her ýylyň 27-nji sentýabrynda tutuş dünýäde Bütindünýä Syýahatçylyk güni bellenip geçilýär. Ol Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1979-njy ýylda döredildi. Syýahatçylyk gününiň 27-nji sentýabrda bellenilmeginiň hem özboluşly aýratynlygy bar. Ol gün Demirgazyk ýarym şarda syýahatçylyk möwsüminiň tamamlanýan, Günortada bolsa başlanýan günüdir. Bütindünýä Syýahatçylyk güni her ýyl dürli şygar bilen bellenip geçilýär. Şu ýylky şygary – “Syýahatçylyk hemmeler üçin – ählumumy elýeterliligi höweslendirmek”.