Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş – hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýamyzyň özenini düzýär. Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen bu düşünjeler we ugurlar esasynda milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary uly goldawa eýe bolýar. Milli Liderimiziň BMG-niň belent münberindäki her bir çykyşy Milletler Bileleşigi tarapyndan tutuş adamzadyň durnukly ösüşi üçin oňyn itergi hökmünde kabul edilýär.
Şonuň esasynda döwlet Baştutanymyzyň energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek baradaky başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolup, bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy taýdan ähmiýetli Rezolýusiýalar kabul edildi.
Golaýda, hemmämize mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň iň uly syýasy çäresi geçirildi. Şu ýylyň sentýabr aýynyň 20-26-sy aralygynda geçirilen umumy syýasy ýygnagyň çäklerinde dünýäniň 100-den gowrak döwletiniň wekilleri BMG-niň belent münberinden öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Şol ýygnaga hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. 2016-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdesiniň çärelerine gatnaşmagynyň ikinji gününde türkmen wekiliýeti bu bütindünýä maslahatynyň beýik münberinden çykyş edip, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmeklige, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmeklige, howanyň üýtgemegi bilen bagly, raýatlygy bolmadyk adamlaryň, bosgunlaryň we göçüp gelenleriň meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Seýle-de Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň maksatlaryny, wezipelerini we görkezijilerini kabul edýändigi mälim edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan öz milli derejesinde bütindünýä görkezijilerini kabul eden döwletleriň ilkinjileriniň biri boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun, Baş Assambleýanyň başlygy Piter Tomson, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Gýan Çandra Açariýa we BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň terrorçylyga garşy komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Žan-Pol Laborde bilen duşuşyklary boldy.
Şolarda taraplar durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyna taýýarlyk görmekde Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen alnyp barylýan işler barada, sebitleýin howpsuzlygy berkitmekde we beýleki käbir meseleler boýunça bilelikdäki tagallalar dogrusynda pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň başlangyçlary dünýä metbugatyna ýaň saldy
Türkmen Lideriniň alyp barýan oňyn daşary syýasatyny dünýä bileleşigi hemmetaraplaýyn makullaýar we goldaýar. Bitarap Türkmenistanyň birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise – başlyklygyna saýlanmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň BMG-niň baş münberinden öňe süren halkara başlangyçlary dünýä derejesindäki metbugat giňişliginde orun aldy. BMG-niň Täzelikler merkeziniň elektron serişdesinde «Türkmenistan: Halkara Bitaraplyk gününi döretmek» baradaky başlangyç bilen çykyş edendigi beýan edildi.
– Dünýäniň dürli künjeginde gapma-garşylyklaryň emele gelýän döwründe bitaraplyk derejesiniň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak maksadalaýyk bolar – diýlip, BMG-niň saýtynda bellenip geçilýär. Şeýle hem Bitaraplyk derejesiniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ählumumy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň zerur bolup durýandygy we bu barada geçen ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki maslahatyň çäklerinde durlup geçilendigi mälim edildi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly ýagdaýdygyny belläp geçdi. Milli Liderimiz türkmen Bitaraplygynyň halkara-hukuk tejribesinde täze ýagdaý hökmünde, ählumumy ösüşiň gurluşyny üýtgetmegiň has amatly ýoluny dünýä bileleşigine teklip edendigini aýdyp, munuň hyzmatdaşlyk etmegiň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň täze binýadyna öwrülendigini nygtap geçdi. Şonuň üçin Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyjy uly gyzyklanma döretdi.
Mundan başga-da Baş Assambleýanyň esasy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Pariž ylalaşygyna goşulandygy hem-de indiki ýyl BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýanyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen ýörite maslahatyň geçirilmeginiň teklip edilendigi elektron portalynyň habarlarynda öz ornuny aldy.
Türkmenistanyň BMG-niň mejlisindäki beýan eden halkara başlangyçlary baradaky habarlar «www.newscentralasia.net», «www.trend.az», «https://news.rambler.ru» we «segodnya.novostimira.com» ýaly köp sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Türkmenistan Pariž ylalaşygyna goşuldy
Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan taryhy Pariž ylalaşygyna dabaraly ýagdaýda gol çekilmegi şanly wakalaryň biri boldy. Gol çekmek – bu diňe işiň birinji ädimi. Bu ädim arkaly gol çeken döwlet ylalaşygy ratifikasiýa etmek üçin gerekli bolan özüniň içki amallaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ekologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy hem sebit, hem-de halkara derejede alyp barýar. Bu ugurda BMG-niň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen düzümi – Howanyň üýtgemegi bilen bagly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bar. Onuň işi üçin türkmen tarapy zerur bolan düzümi döretmäge taýýar.
Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmek bilen, Merkezi Aziýa sebitinde bar bolan halkara usullaryny nazara alyp, ekologiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär. Araly halas etmegiň halkara gaznasy diňe Aral ýakasynyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa taýdan sagdynlaşmagyna hem-de durmuş-ykdysady we suw meselelerini çözmäge gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň çäklerinde halkara ylalaşyklar güni dowam edýär. Şonuň esasynda dünýäniň ençeme ýurdunyň wekilleri dürli ylalaşyklara gol çekýärler. Türkmenistan hem şonuň çäklerinde Pariž ylalaşygyna goşuldy.
Pariž ylalaşygy geçen ýyl Fransiýanyň paýtagtynda BMG-niň howandarlygynda geçirilen halkara maslahatda kabul edilipdi. Şu ýylyň 22-nji aprelinde bu ylalaşyk gol çekmek üçin açyldy. Häzir oňa 191 döwlet gol çekip, ylalaşyga goldaw berdi. 31 döwlet bu ylalaşygy tassyklandygy hakyndaky resminamalary BMG-ä tabşyrdy.
Bu ylalaşyk dünýäde howanyň üýtgemegine garşy halkara derejesinde göreş alyp barmaga giň mümkinçilik döreder. Ol mundan ozal, bu ugurda hereket edýän Kioto ylalaşygynyň ornuny tutar. Häzir bu ylalaşygy güýje girizmek babatda degişli işler alnyp barylýar.