Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da se­bit äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu mö­hüm tas­la­ma­lar ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň bar­ha go­wu­lan­ma­gy­na, ga­ly­ber­se-de, se­bit ýurt­la­ry­nyň hem yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni ber­kit­mä­ge uly iter­gi ber­ýär.
Ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Le­bap we­la­ýa­tyn­da-da şeý­le tas­la­ma­la­ryň en­çe­me­si ama­la aşy­ryl­ýar. Ýa­ňy-ýa­kyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu we­la­ýa­tyň çä­gin­de ama­la aşy­ryl­ýan bir­nä­çe iri des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Le­bap we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bo­lan mil­li Li­de­ri­miz se­bit­dä­ki iri des­ga­la­ryň, şeý­le hem Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­lunyň tas­la­ma­sy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, il­ki bi­len, Ymam­na­zar güm­rük no­ka­dy­na ba­ryp, ol ýer­de bu güm­rük no­ka­dy­nyň işi hem-de teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi, ge­çi­ril­ýän ýük­le­re gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça bu ýer­de or­naş­dy­ry­lan döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len ta­nyş­dy.
Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ata­my­rat et­ra­by­nyň çä­gin­de, türk­men-ow­gan ser­he­di­niň go­la­ýyn­da ýer­le­şen bu güm­rük no­ka­dy 2008-nji ýyl­da ulan­ma­ga be­ril­di. Onuň umu­my meý­da­ny 4 gek­ta­ra ba­ra­bar­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de gö­zeg­çi­lik – ge­çi­riş amal­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek, el goş­la­ry­ny iç­gin bar­la­mak, ulag se­riş­de­le­ri­ni göz­den ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler bar. Ter­mi­nal dün­ýä­niň esa­sy teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň döw­re­bap rent­gen en­jam­la­ry, komp­ýu­ter ul­ga­my, ra­dia­si­on gö­zeg­çi­lik en­jam­la­ry, ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri we beý­le­ki en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di.
Ymam­na­zar güm­rük ge­çel­ge­si­niň üs­ti bi­len bir gü­nüň do­wa­myn­da or­ta­ça, 250-300 ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň güm­rük bar­la­gyn­dan ge­çi­ri­lip, res­mi­leş­di­ril­ýän­di­gi, ýy­lyň do­wa­myn­da bol­sa, 70 – 80 mü­ňe çen­li ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň he­re­ke­ti­niň bol­ýan­dy­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mun­dan baş­ga-da, ýy­lyň do­wa­myn­da or­ta­ça, 600 müň ton­na çen­li ha­ryt­lar ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň 545 müň ton­na­sy eks­port, 50 müň ton­na­sy üs­ta­şyr, 5 müň ton­na­sy bol­sa, im­port güm­rük düz­gü­nin­de res­mi­leş­di­ril­ýän ha­ryt­lar­dyr. Bi­ziň ýur­du­myz­dan eks­port edil­ýän ha­ryt­la­ryň ha­ta­ryn­da ne­bit önüm­le­ri (di­zel ýan­gy­jy, ben­zin, ke­ro­sin), kar­ba­mid, se­ment, bug­daý, su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz, süý­ji-kö­ke önüm­le­ri, bu­ýan kö­ki, do­war­la­ryň de­ri­le­ri, teh­ni­ki ug­le­rod, pag­ta ýa­gy, sa­ry­ja goý­nu­ň ýü­ňi we beý­le­ki­ler bar. Önüm­le­riň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri ýur­du­my­zyň üs­ti bi­len Ow­ga­nys­tan­dan Eý­ran, Tür­ki­ýä we Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­ne üs­ta­şyr ge­çi­ril­ýär.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz kuw­wa­ty 540 müň ton­na ne­bit önüm­le­ri­ni ka­bul ed­ýän, sak­la­ýan we ug­rad­ýan ter­mi­na­lyň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­lan­dy. Bu des­ga hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2013-nji ýy­lyň 1-nji few­ra­lyn­da çy­ka­ran ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­rul­ýar. Hä­zir­ki wagt­da gur­lu­şyk iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ter­mi­nal iki bö­lek­den yba­rat­dyr, onuň bi­ri de­mir ýol ula­gy ar­ka­ly ne­bit önüm­le­ri­ni ug­rat­ma­gy gu­ra­mak, ikin­ji­si bol­sa, şol önüm­le­ri esa­sy tur­ba­ge­çi­ri­ji ar­ka­ly iber­me­gi gu­ra­mak bo­ýun­ça hyz­mat­la­ry et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Umu­my meý­da­ny 26 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan ne­bit ter­mi­na­ly­nyň çä­gin­de eda­ra bi­na­sy, bar­lag­ha­na, na­har­ha­na, ýan­gy­na gar­şy gö­reş des­ga­sy, ne­bit önüm­le­ri­ni ka­bul et­mek üçin de­mir ýol es­ta­ka­da­sy, ne­bit önüm­le­ri­ni ýük­le­mek üçin aw­to­mo­bil es­ta­ka­da­sy, dis­pet­çer­çi­lik, teh­ni­ki des­ga­lar bar. Bu des­ga ne­bit önüm­le­ri­niň bäş gör­nü­şi­ni da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek mak­sa­dy bi­len gu­rul­ýar. On­da her bi­ri­niň göw­rü­mi 5 müň kubo­metr bo­lan 6 sa­ny re­zer­wu­ar we her bi­ri­niň göw­rü­mi 2 müň kubometr bo­lan 4 sa­ny re­zer­wu­ar, şeý­le­lik­de, je­mi 10 sa­ny re­zer­wu­ar bar.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz bu se­bit­de gu­rul­ýan se­bit hem-de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tas­la­ma bo­lan Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­lu­nyň iş­le­ri­ni syn­la­dy. Bu po­lat ýol Azi­ýa se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­niň ara­syn­da hal­ka­ra ulag ýol­la­ry­nyň mö­hüm bö­le­gi bol­ma­ly­dyr. 2013-nji ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da bu de­mir ýo­luň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da uzyn­ly­gy 85 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan Ata­my­rat-Ymam­na­zar de­mir ýo­lu­nyň türk­men bö­le­gin­de de­mir ýo­luň ýer dü­şe­gi do­ly taý­ýar­la­ny­lyp, 82,2 ki­lo­met­ri­ne çä­ge-ça­gyl ga­ryn­dy­sy dü­şel­di we 82 ki­lo­met­ri­ne de­mir ýo­luň ýo­kar­ky bö­le­gi­niň de­mir rels­le­ri ýe­ri­ne go­ýul­dy.

Mun­dan baş­ga-da 10 kw elekt­rik ho­wa ul­ga­my­nyň 67,5 ki­lo­met­ri­niň gur­lu­şy­gy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. De­mir ýo­luň gap­da­lyn­dan çe­kil­ýän ýo­luň ýer dü­şe­gi taý­ýar edi­lip, ça­gyl ýo­ly çe­kil­di. Ow­ga­nys­ta­nyň Aki­na men­zi­li­niň de­mir ýo­lu­na çen­li ýer dü­şe­gi taý­ýar edil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu de­mir ýo­luň ug­run­da­ky men­zil­le­riň iki­sin­de, hu­su­san-da, Gü­lüs­tan we Ymam­na­zar men­zil­le­rin­de hem gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ta­mam­laý­jy tap­gyr­la­ry al­nyp ba­ryl­ýar.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ata­my­rat-Ymam­na­zar-Aki­na de­mir ýo­lu­nyň bir­nä­çe des­ga­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry we çyz­gy­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan (TOPH) gaz ge­çi­ri­ji­si­niň türk­men bö­le­gin­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­dy. Bu des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­na 2015-nji ýy­lyň 13-nji de­kab­ryn­da ba­dal­ga be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de bel­le­nen möh­let­le­re la­ýyk­lyk­da, de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu tas­la­ma dört döw­le­tiň ara­syn­da bag­la­şy­lan hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­la­ry­nyň esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýar. TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň uzyn­ly­gy, tak­my­nan, 1814 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lar. Şun­da ýur­du­my­zyň çä­gi bo­ýun­ça tur­ba­ge­çi­ri­ji­niň 214 ki­lo­met­ri çe­ki­ler. Soň­ra ol Ow­ga­nys­ta­nyň Hy­rat we Kan­da­gar şä­her­le­ri­niň üs­tün­den, Pa­kis­ta­nyň çä­gin­dä­ki Kwet­ta we Mul­tan şä­her­le­ri­niň üs­tün­den ge­çer we Hin­dis­ta­nyň Fa­zil­ka di­ýen ilat­ly ýe­ri­ne ba­ryp ýe­ter. Tä­ze gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gu­rul­ma­gy ne­ti­je­sin­de goş­ma­ça iş orun­la­ry­nyň 12 mü­ňe go­la­ýy dö­re­di­ler. Mu­nuň özi ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga oňaý­ly tä­sir eder.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz di­ku­çar­dan se­bi­tiň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny syn­la­dy. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de bol­şy ýa­ly, bu ýer­de hem güýz­lük bug­daý eki­şi we pag­ta ýy­gy­my do­wam ed­ýär. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz di­ku­çar­dan se­bit­ler­de köp­san­ly des­ga­la­ryň, aý­ra­tyn hem, dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny göz öňün­de tut­ýan mil­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi bi­len ta­nyş­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýol ug­run­da gu­şu­çar be­lent­lik­den Türk­me­na­bat şä­he­ri­nde gu­rul­ýan ho­wa men­zi­li­niň çäk­le­ri­ni syn­la­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň di­ku­ça­ry gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýän “Türk­me­na­bat-Fa­rap” aw­to­mo­bil we de­mir ýol köp­rü­si­niň go­la­ýyn­da gon­dy. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mö­hüm äh­mi­ýet­li tas­la­ma­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy.
Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän köp­rü­le­riň gur­lu­şy­gy­nyň 2013-nji ýyl­da baş­la­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu des­ga­nyň uzyn­ly­gy 1750 met­re, ini 5,8 met­re ba­ra­bar­dyr. Di­reg­le­riň 18-si­niň üs­tü­ne ara­lyk de­mir konst­ruk­si­ýa­la­ry do­ly gur­nal­dy we de­mir ýo­ly do­ly çe­kil­di. Hä­zir­ki wagt­da iki ke­nar­da ke­nar ber­ki­diş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­na­bat şä­he­ri ta­rap­da 1250 metr ara­lyk, Fa­rap ta­rap­da bol­sa, 1750 metr­den 280 metr be­ton­lan­dy. Şu ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de köp­ri bo­ýun­ça sy­nag ot­lu­sy goý­be­ril­di.
“Türk­me­na­bat-Fa­rap” aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň gur­lu­şy­gy­na hem 2013-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da ba­dal­ga be­ril­di. Köp­rü­niň uzyn­ly­gy 1600 met­re, ini 21 met­re ba­ra­bar­dyr. Şu gü­ne çen­li 17 sa­ny di­reg­le­riň hem­me­si­niň gur­lu­şy­gy do­ly ta­mam­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da 12-13-nji di­reg­le­riň ara­lyk de­mir konst­ruk­si­ýa­la­ryny gur­na­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär.
Ke­nar­lar­da ke­nar ber­ki­diş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­na­bat şä­he­ri ta­rap­da 1900 metr­den 350 met­ri, Fa­rap ta­rap­da 1500 metr­den 210 met­ri be­ton­lan­dy. Şeý­le hem pot­rat­çy ta­ra­pyn­dan aw­to­mo­bil köp­rä ba­ryl­ýan ýo­luň gur­lu­şyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Ýo­luň uzyn­ly­gy je­mi 7550 metr bol­ma­ly, Türk­me­na­bat şä­he­ri ta­rap­da ýo­luň äh­li bö­le­gi – 3493 met­ri hem ikin­ji gat as­falt­la­nyl­dy, Fa­rap ta­rap­da 4057 metr­den 3707 met­ri­niň bi­rin­ji ga­ty as­falt­la­nyl­dy hem-de ýo­luň yşyk­lan­dy­ryş çy­ra­la­ry­ny gur­na­mak we jä­hek­le­ri­ni goý­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Umu­man, bi­ziň ýur­du­myz iri ulag tas­la­ma­la­ry­nyň ba­şy­ny baş­lap, mö­hüm se­bit hem-de äh­lu­mu­my me­se­le­le­riň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga iş­jeň gat­naş­ýar hem-de öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­ny iş ýü­zün­de gör­kez­ýär. Mu­nuň özi bol­sa, ýur­du­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ma­gy­ny şert­len­dir­di.

«Zaman–Türkmenistan».