El­le­ri ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­ma­ly we aras­sa­la­ma­ly
El­le­ri aras­sa sak­la­mak ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da tä­sir­li usul­la­ryň bi­ri­dir. El­le­ri­miz­dä­ki gö­ze gö­rün­me­ýän mik­rob­la­ry, bak­te­ri­ýa­la­ry, wi­rus­la­ry ýok et­mek üçin el­le­ri­ňi­zi ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­mak, zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­ler bi­len aras­sa­la­mak mas­la­hat be­ril­ýär.

Howp­suz ara­ly­gy sak­la­ma­ly
Ke­sel­län adam­dan sag ada­ma wi­rus­lar ho­wa-dam­ja ýo­ly bi­len geç­ýär. Şo­nuň üçin ara­lyk azyn­dan 2 metr bol­ma­ly­dyr. As­gy­ran ýa-da üs­gü­ren wag­ty­ňyz­da ag­zy­ňy­zy we bur­nu­ňy­zy bir ge­zek­lik sü­pür­giç­ler bi­len ýap­ma­ly we ula­nyp bo­la­ny­ňyz­dan soň­ra ola­ry zyň­ma­ly.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­li
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si be­de­niň ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Mu­nuň üçin her bir adam ka­da­ly uky­ny al­ma­ly we be­den maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­li, gün­de­lik ka­bul ed­ýän iý­mi­ti­ňiz­de ge­rek­li muk­dar­da wi­ta­min­ler, ug­le­wod­lar, be­lok­lar, ýag­lar, mi­ne­ral­lar bol­ma­ly.
Luk­man­çy­lyk agyz-bu­run ör­tü­gi­ni ulan­ma­ly
Ke­sel­le­me­giň how­py­ny azalt­mak üçin agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni ýa-da beý­le­ki go­raý­jy se­riş­de­le­ri­ni ula­nyň! Bir ge­zek­lik agyz-bu­run ör­tü­gi­niň ula­nyl­ma­gy res­pi­ra­tor bö­lün­me­le­ri­niň dam­ja­la­ry­nyň bu­run­dan we agyz­dan sag ada­my­nyň içi­ne düş­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Bu ör­tük­ler dür­li gur­luş­da, ýag­ny bir ge­zek­lik ýa-da köp ge­zek­lik bo­lup bi­ler. Özü­ňi­zi ke­sel­den go­ra­mak üçin luk­man­çy­lyk agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni dog­ry da­kyn­mak mö­hüm­dir.

Ma­ýa Ber­di­ýe­wa,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Nerw ke­sel­le­ri we neý­ro­hi­rur­gi­ýa ka­fed­ra­sy­nyň as­sis­ten­ti, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.