Türkmen topragy dürli miwedir peýdaly ösümliklere baý. Ýurdumyzyň dürli künjeginde ýetişýän miweler hem-de dermanlyk ösümlikleri adam bedenine täsirliligi bilen tapawutlanýar. Adam hemişe öz bedeniniň durkuny saklamaga hem-de onuň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ösdürmäge çalyşmalydyr. Munuň üçin esasy zat dogry hem-de sagdyn iýmitlenmekdir.
Kadaly we dogry iýmitlenmek adam bedenindäki köp sanly ýaramaz täsirleriň öňüni almaga ýardam berip, aşa semizlik, ýürek keselleri we beýleki keseller bilen kesellemezlik üçin hem wajypdyr.
Şonuň üçin ýurdumyzda ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa miweleri hem-de gök önümleri iýmek has peýdalydyr. Türkmen saçagynyň bezegi bolan miweleriň hatarynda armydyň peýdasyny agzaman geçmek bolmaz.
Armyt gülgüne maşgalasyna degişli bolup, dürli görnüşde, seleksionerler tarapyndan ýörite ösdürilip ýetişdirilen görnüşlere eýe bolýarlar. Armydyň kaloriýa mukdary 100 gram önüm üçin 42 kkal deňdir.
Armyt ýokumly maddalara baý, düzüminde arbutin we pektin, foliý kislotasy, beta-karotin, A, B1, B2, B5, B6, B9, C, E, K, H we PP witaminleri, şeýle hem adam bedeni üçin zerur minerallar bar: kaliý, kalsiý, magniý, sink, mis we marganes, demir, kükürt, ýod, ftor, fosfor we natriý. Şonuň üçin ol mikroblara garşy göreşmekde peýdaly bolup, aşgazan-içege ulgamynyň bozulmalary, esasan hem, mikroflora bilen baglanyşykly keseller üçin lukmançylyk iýmitiniň bir bölegi hasaplanýar.
Armydyň bedeniň bakteriýalara we wiruslara garşylygyny ýokarlandyryp bilýän peýdaly tarapynyň hem bardygy mälim edilýär. Armydyň süýjüligi fruktoza bilen berilýär (meselem, alma ýaly glýukoza däl), şonuň üçin bu miwe aşgazanasty mäzinde kemçilik bolan adamlar üçin peýdalydyr. Armytdaky efir ýaglary bedeniň goragyny ýokarlandyrýar we çişme kesellerine garşy täsiri ýokarydyr.
Armydyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri dýuşesdir. Onuň 50-den gowrak görnüşiniň bardygy aýdylýar. Armyt satyn alnanda olary ysgamak ýeterlik bolar. Eger ondan hoşboý ys gelse, onda armytlar ýetişendir. Miweleriň bu görnüşi horlanmak üçin hem iýilýär.
Armyt dürli tagamlaryň hem-de işdäaçarlaryň taýýarlanmagy üçin hem giňden peýdalanylýar. Onuň şirelerden başga-da, süýjülikler bişirilende ulanylýandygyna duş gelmek bolýar.
Armyt guradylyp hem saklanýar, dürli süýjüli içgilerde hem peýdalanylýar. Bu miwe adaty görnüşdäki ýaly, gaýtadan işlenilende hem öz mineral düzümini ýitirmän saklaýar.
Armyt irki döwürlerde Hytaýda ösdürilip ýetişdirilipdir. Armyt hakynda gadymy hytaý poeziýasynda agzalyp geçilýär. Şeýle-de gadymy grekleriň armyt ösdürip ýetişdirmegi gowy görendigi barada taryhy maglumatlara duş gelmek bolýar.
Begenç GARAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.