Hor­mat­ly Prezidentimiziň bi­lim ul­ga­myn­da­ky öz­gert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de be­ril­ýän hü­när bi­li­mi­niň hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi ha­kyn­da­ky ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, in­že­ner-teh­ni­ki hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da döw­re­bap usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ýo­la go­ýul­dy. Ol usul­lar yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Düýp­li yl­my iş­le­ri alyp bar­mak, okat­ma­gyň usul­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar­dan we yl­my iş­gär­ler­den her bir te­ma­nyň ýer­lik­li hem dog­ry öw­re­di­liş, dö­re­di­ji­lik­li be­ýan edi­liş usu­ly­ny ulan­ma­gy ta­lap ed­ýär. Şol mak­sat bi­len hem ylym­da öň ga­za­ly­lan­lar bi­len ta­nyş­mak ze­rur­ly­gy du­ýul­ýar. Ylym äle­min­de öç­me­jek yz go­ýan şah­sy­ýet­le­riň ta­ry­hy­ny bil­mek gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Biz Ga­li­leo Ga­li­leý (1564-1642 ý) di­ýen ady eşi­de­ni­miz­de il­ki bi­len «Ýer ba­ry­bir aý­lan­ýar» di­ýen jümle ýadymyza düşýär. Ga­li­leo Ga­li­leý Ita­li­ýa­nyň Pi­za şä­he­rin­de Bo­naju­ti maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Onuň ka­ka­sy Win­çen­so ede­bi­ýat­dan we saz sun­ga­tyn­dan oňat baş çy­kar­ýan adam bo­lup­dyr. Ga­li­leý Pi­zan uni­wer­si­te­ti­niň fi­lo­so­fi­ýa bö­lü­mi­ni ta­mam­la­ýar we şol ýer­de 25 ýa­şyn­da sa­pak be­rip baş­la­ýar. Ol ylmy işlerinde he­mi­şe tej­ri­bä esas­la­nyp­dyr. Ga­li­leo Ga­li­leý te­les­kop ýa­sap­dyr, onuň ýa­san te­les­ko­py as­man ji­sim­le­rini 30 es­se ulal­dyp gör­ke­zip­dir. Alym il­ki bi­len te­les­kop­ arkaly Aýa se­re­dip­dir we bu asman jisiminiň bize gör­nü­şi ýa­ly te­kiz däl­di­gi­ni anyklapdyr. Köp alym­lar ilkibaşda onuň aý­dan söz­le­ri­ne ynan­madyk hem bol­sa­lar, te­les­kop­dan se­re­den­le­rin­de, Ga­li­le­ýiň aý­dan­la­ry­nyň ha­ky­kat­dy­gy­ny gö­rüp­dir­ler. Şeý­le-de bol­sa olar ony aý­na­nyň eme­le ge­tir­ýän op­ti­ki al­da­wy di­ýip, in­kär edip­dir­ler. Ga­li­leo Ga­li­leý Aýyň kra­ter­le­ri­ni we ge­riş­le­ri­ni açyp, Ak­ma­ýa­nyň ýo­lu­ny, tü­ke­nik­siz ýyl­dyz­la­ry, Ýu­pi­te­riň hem­ra­la­ry­ny, Gün­dä­ki teg­mil­le­ri gö­rüp, «As­ma­nyň Ko­lum­by» şöh­ra­ty­na eýe bo­lup­dyr. Onuň şu açyş­la­ry sho­las­ti­ka we but­ha­na bi­len bäs­deş­li­giň baş­lan­gy­jy­ny goý­ýar. Rim but­ha­na­sy Ko­per­ni­giň ga­ra­ýyş­la­ry­ny wa­gyz et­mek­li­gi ga­da­gan et­se-de, Ga­li­leý bu tag­ly­ma­tyň ha­ky­ky­ly­gy­ny su­but et­mek iş­i­ni do­wam etd­irýär.
Me­ha­ni­ka­nyň me­se­le­le­ri­niň üs­tün­de iş­läp, Ga­li­leý te­bi­gy ge­rek­li­li­giň bar­ly­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän kä­bir düýp­li ka­nun­la­ry­ aç­ýar. Bu pi­kir­ler Kep­le­riň açan pla­ne­ta­la­ry­nyň Gü­nüň da­şyn­da­ky he­re­ke­ti­niň ka­nun­la­ry bi­len güýç­len­ýär. Şu­lar hem Ga­li­le­ýe «Dün­ýä­niň esa­sy – Pto­lo­me­ýiň we Ko­per­ni­giň iki ul­ga­my ba­ra­da» at­ly ese­rin­de adam­zat ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek «te­bi­ga­tyň ka­nun­la­ry» di­ýen dü­şün­jä­ni gi­riz­mek­li­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ga­li­leý eme­li zat­la­ry ara­dan aý­ryp, te­bi­ga­ty tej­ri­bä­niň üs­ti bi­len öw­ren­mä­ge ça­gyr­ýar. Ol ha­dy­sa­la­ry dü­şün­dir­me­k üçin te­bi­gy se­bäp­le­ri­ni göz­le­mek­li­giň ge­rek­di­gi­ni bel­le­ýär. Onuň pi­ki­ri­çe, äh­li ha­dy­sa­la­ry ta­kyk muk­dar ara­bag­la­ny­şyk­la­ra ge­tir­mek müm­kin. Şo­nuň üçin ol äh­li ylym­la­ryň esa­syn­da ma­te­ma­ti­ka­nyň we me­ha­ni­ka­nyň dur­ýan­ly­gy ba­ra­da­ky pi­ki­re gel­ýär. Ga­li­leý yl­my me­to­do­lo­gi­ýa muk­dar­la­ýyn der­ňe­wi, te­bi­ga­tyň tej­ri­be­le­ýin – in­duk­tiw we abst­rakt-de­duk­tiw usul­lar bi­len bar­la­mak­ly­gy gi­riz­ýär. Ga­li­leýiň yl­my usu­ly­ýe­ti il­ki bi­len ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka da­ýan­ýar. Ol te­bi­ga­tyň syr­la­ry­ny ma­te­ma­ti­ka­nyň we me­ha­ni­ka­nyň di­li­ni öz­leş­dir­män açyp bol­ma­ýan­dy­gy­ny bel­läp­dir.

Beg­my­rat My­rat­mu­ham­me­dow,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky
Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.