Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Kerim Gurbannepesowyň mawy ekran üçin ýazan «Ata we ogul» atly eseri Türkmen telewideniýesinde ýazgy edilip, ençeme gezek halk köpçüligine ýetirilipdi. Şol telewizion oýun barada halkyň içinde häli-häzirlerem öwgüli sözleri eşitmek bolýar. Olar eseriň özüne çekijiliginden daşgary, artistleriň özlerine ynanylan keşpleri durmuş hakykaty ýaly edip janlandyrandyklary barada öwran-öwran ýatlaýarlar. Şol telewizion oýnunda Ketjar gojanyň ýanýoldaşynyň keşbini janlandyran Türkmenistanyň halk artisti Ene Allanowanyň durmuş we döredijilik ýoly bilen gyzyklanyp, ony okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.
Ene Allanowa 1929-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kaka şäherçesinde dünýä inýär. Ol ýaňy dokuz aýlykka kakasyndan, bäş ýaşlyjaka bolsa ejesinden jyda düşýär. Ony enesi Güljemal daýza ekläp-saklaýar. Ýöne Güljemal daýza hem agyr kesele duçar bolýar. Okuwynyň daşyndan syrkaw enesine seretmeli bolan ýaş gyzyň gerdenine agyr ýük düşýär.
Ol mekdepde okaýarka synpyň içinde ýeke özi galan wagty enesini alada edip, aýdyma hiňlenenini özem duýman galar eken. Bir gün ol synpda arakesme wagty ýeke özi aýdyma hiňlenip otyrka, mugallymy eşidip: «Seniň owadan sesiň bar eken, seni aýdym-saz gurnagyna ýazaýyn» diýýär. Ol muňa garşy bolmandyr. Şeýdip ol mekdepde geçirilýän baýramçylyk çärelerinde aýdym aýdýar. Entek mekdebi tamamlamadyk ýaş gyz enesinden hem jyda düşýär.
Bir gün onuň okaýan mekdebine Aşgabatdan ýazyjy-şahyrlar duşuşyga gelýärler. Şolaryň içinde ýazyjy Towşan Esenowa hem bar eken. Şol duşuşykda onuň aýdym aýdyşyny diňläp, oňa göwni ýeten ýazyjy ýaş gyzy öz öýüne alyp gaýdyp, oňa hossar çykypdyr. Ýaşajyk gyzda aýdym-saza bolan ukybyň bardygyna göz ýetiren ýazyjy zenan ony şol wagtky Türkmen radiosynyň ýanyndaky Hor toparyna ýerleşdirýär. Şeýdip ol meşhur aýdymçylar bilen bilelikde işläp başlaýar. Ol diňe bir aýdym aýtmaga däl, eýsem, dürli hereketler bilen keşp döretmäge-de höwesek bolupdyr. Hor toparynyň aýdymçylary oňa: «Sen aýdymçy bolmaly däl-de, drama artisti bolmaly ekeniň» diýer ekenler. Şeýlelikde, onuň özünde-de artist bolmak pikiri döräp başlaýar. Ahyry onuň artist bolmak arzuwam hasyl bolýar.
Ol bir saý-sebäp bilen dogduk mekany bolan Kaka şäherçesine baranda Kakanyň halk teatry «Arşyn mal alan» atly sahna oýnuny sahnalaşdyrmak üçin taýýarlyk görüp ýören eken. Ýöne eserdäki Telliniň keşbini döretmäge adam tapylmandyr. Oýny goýujy režissýor ony synlap: «Ine, Telli, sen wagtynda geldiň» diýip oňa Telliniň keşbini janlandyrmagy ynanypdyr. Şeýdip ol ilkinji gezek dramada öz ukybyny synap görýär. Telliniň keşbi örän şowly çykýar. Şeýdip ol halk teatrynyň artisti bolup galyberýär. 1949-njy ýyl onuň üçin ýatdan çykmajak ýyl bolýar. Ony Aşgabada öňki Mollanepes adyndaky drama teatryna işe çagyrýarlar. Ol teatryň sahnasynda ençeme ýyllap halypa artistler, sahna ussatlary Aman Gulmämmedow, Sona we Suraý Myradowalar bilen egin-egne berip döredijilikli zähmet çekýär. Olardan tälim alyp, teatr sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýär. Ol «Mollanepes teatrynda işlän ýyllarym meniň üçin iň uly mekdep boldy» diýip, ýaşlyk ýyllaryny ýatlaýar.
Ene Allanowa Mollanepes adyndaky drama teatrynda işlän ýyllary birnäçe spektakllarda ýatdan çykmajak, halkyň aňynda galan keşpleri döretdi. Olardan «Zor aýakdan doktor bolan» atly sahna oýnunda Marinanyň, «Keýmir körde» Leýliniň, «Keminede» Hallygözeliň keşpleri öwgä mynasyp keşpler bolupdyr. 1955-nji ýylda Ene Allanowanyň zehinine Moskwaly tomaşaçylar hem şowhunly el çarpýarlar. Şol ýyl Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçirilen on günlüginde Ene daýza Şekspiriň meşhur «Otellosynda» sygan gyzy Býankanyň, Gogolyň «Derňewçisinde» ofiseriň aýalynyň, Güseýin Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» atly eseri boýunça sahnalaşdyrylan spektaklynda bolsa Ýazgülüň keşplerini janlandyrýar. «Yhlasa myrat» diýlişi ýaly, onuň yhlasy ýerine-de düşýär. Moskwaly tomaşaçylar Ene Allanowanyň tebigy berlen zehinine haýran galypdyrlar. Olar artistçilik ugrundan okamadyk zenana baş egipdirler. Onuň sahnada janlandyran keşpleri barmak büküp sanardan köp. Ol sungat äleminde ýowuz ýollary geçipdir. Ol çeper höwesjeňlikden ussat artistlige ýetýär. Ol Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly drama teatrynda, Marynyň Kemine adyndaky teatrynda, öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda işlemek bilen döredijiligini kämilleşdirýär. Isle sahnada bolsun isle-de kinofilmde, dürli gahrymanlaryň keşbini döretmek bilen, olaryň adamkärçilik häsiýetlerini açyk beýan edip bilýän tebigy zehinli artist Ene Allanowanyň döredijilik ýoluna ser salanyňda, onuň ömrüniň tas elli ýylyny teatr hem türkmen milli sungatyna bagyşlandygyny görmek bolýar. Ol daşary ýurt dilindäki ençeme filmleri türkmen diline geçirmegiň hem ussady. Telewideniýe arkaly görkezilýän sahnalarda-da ol dürli kärdäki, dürli ýaşdaky, dürli häsiýetdäki adamlaryň keşbinde çykyş edýär. Şol döredýän keşpleriniň ählisine-de özboluşly öwüşgin bermäge çalyşýardy. Onuň «Baý we Batrakdaky» Hanzadasy, «Öýlenmekdäki» Fýoklasy, «Ogul takdyryndaky» Bossany, «Parižli giýewdäki» Pelorensi, «Syrly gedaýdaky» Pabikasy, «Satylan düýşdäki» söwdagär aýaly, «Tawusdaky» Sadaby, «Ömrümiň örkündäki» Dursuny, «Taýçanakdaky» Garlawajy, «Söýmedige süýkenmedäki» baýyň aýaly hiç kimiň gaýtalap bilmejek keşpleri bolup galdy. Ene Allanowanyň teatr we kino sungatynda bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakylýar. Özüniň ýaşan we işlän döwrüniň agramly bölegini sungata bagyş eden Ene Allanowa 1985-nji ýylda Hormatly dynç alyşa çykyp, 1988-nji ýylda ýene-de dogduk mekany Kaka şäherçesine dolanýar. Ýöne ol barybir öýde oturyp ynjalyk tapmaýar. Ýüregi gysyp, göwni köpçüligi küýseýär. Göwün küýsegi ony ýene-de ýaşlyk ýyllarynda işlän ýerine – Kakanyň halk teatr studiýasyna alyp gelýär. Teatryň döredijilik topary ony ýitirip tapan ýaly garşy alýar. Ony özleriniň halypasy, uly sungat ussady hökmünde kabul edýärler.
Häzirki wagtda togsan ýaşy arka atandygyna garamazdan, özüniň ýiti tebigy zehini bilen döreden ajaýyp keşpleri arkaly halkyň aňynda müdimilik galmagy başaran Ene Allanowa öz agtyk-çowluklaryna guwanyp ýaşaýar. Onuň bir oglundan ýedi agtygy, on bir çowlugy, üç sany ýuwlugy bar. Bize bolsa Ene daýzanyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edäýmek galýar.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm»
birleşiginiň hünärmeni.