Ispaniýanyň Super Kubogy duşuşygynyň soňky minutlarynda gyzyl kart alan “barselonaly” Lionel Messiniň 4 oýundan 12 oýna çenli jerime almagyna garaşylýar. Ekspertleriň geçirjek barlaglaryndan soň Messiniň bu hereketi gaharly we bilgeşleýin edendigi ýüze çyksa, oňa azyndan 4 duşuşyk üçin jerime berilmegine garaşylýar. Bu gyzyl kart Messiniň karýerasyndaky 3-nji gyzyl karty bolup, ol “Barselona” 753 duşuşykda ilkinji gezek şeýle waka bilen ýüzbe-ýüz bolýar.