Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de çempionlygyny bir eýýäm yglan eden PSŽ 31-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda öz meýdançasynda “Nissa” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda PSŽ 3-1 hasabynda asgyn gelip, möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Myhmanlar 34-nji minutda Sanson bilen öňe geçse-de, 41-nji minutda Fabian Ruiz hasaby deňledi. Ýöne 2-nji ýarymyň başynda ýene-de Sanson tapawutlanyp, toparyny 2-nji gezek öňe saýlady. 70-nji minutda bolsa Ndaýişimiýe oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, PSŽ 3-1 hasabynda utulyp, şu möwsümde 30, umumylykda çempionatda 32 oýundan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. PSŽ çempionatda soňky sapar geçen ýylyň 12-nji maýynda utulypdy. PSŽ topar Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda ýeňilmän galan ýeke-täk topardy.