Italiýa degişli bolan Sisiliýa adasynda Etna wulkany partlady. Wulkanyň atylmagy netijseinde iki sany lawa akymy peýda boldy. Akymyň bir bölegi gündogar tarapynda ýerleşýän Walle del Bowa, beýleki akymy bolsa demirgazyk tarapa akdy. Gysga wagtdan partlamanyň güýji ýuwaş-ýuwaş peseldi. Fransiýanyň Tuluza şäherindäki wulkanlaryň howada emele getirýän külüne gözegçilik edýän merkez takmynan 4 km belentlikde hereket edýän kül buludyny emele gelendigini habar berdi. Etna wulkan adasynda ilkinji gezek uly partlama 1226-njy ýylda bolup geçipdir. Wulkanlaryň atylmagy bilen ýeriň astyndan akyp çykýan lawa kül buludynyň döremegine getirýär.