Italiýada ýurduň esasy kanuny boýunça sala-salyşlyk geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu syýasy çäräni şu ýylyň 4-nji dekabrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Italiýanyň Premýer-ministri Matteo Rensi bu barada çykyş etdi. Ýurduň Konstitusiýasynda birnäçe özgertmeler geçirmek meýilleşdirilýär. Senatyň düzümindäki orunlaryň sanynyň 315-den 100-e çenli azaldylmagy hem-de onuň käbir wezipeleriniň ýatyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Bu konstitusion özgertmeler ýurduň Premýer-ministri Matteo Rensiniň ýolbaşçylygynda işlenip düzüldi. Onuň esasy maksady – ýurdy dolandyrmagy has-da ýeňilleşdirmekden ybarat. Ýurduň parlamentiniň deputatlary bu konstitusion özgertmeleri tassyklady.
Mundan başga-da şu hepdäniň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynda ýurduň Konstitusiýasyna täze üýtgetmeler girizmek babatda sala-salyşlyk geçirildi. Onuň barşynda Azerbaýjanyň esasy kanunyna giriziljek üýtgetmeler babatda berlen sesleriň deslapky netijeleri mälim edildi. Saýlawçylaryň 92,5 göterimi ýurduň Prezidentiniň wezipe möhletiniň 5 ýyldan 7 ýyla çykarylmagyna goldaw berdi. Şeýle hem olaryň 89,3 göterimi Azerbaýjanda birinji wise-prezidenti hem-de wise-prezident wezipeleriniň döredilmegi üçin ses berdi. Mundan başga-da, ýurduň parlamentiniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin bellenilen hem-de prezidentlik wezipesiniň dalaşgärleriniň ýaş çäklendirmelerini aradan aýyrmak üçin öňe sürlen konstitusion özgertmeler halk tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.
Ýurtda sala-salyşlyk geçirmek üçin 5 müňden gowrak saýlaw uçastogy döredildi. Azerbaýjanda 5 million 267 müň adam ses bermäge doly hukuklydyr. Bu ählumumy syýasy çärä 53 müň synçy gatnaşdy. Olaryň arasynda 35 döwletden gelen 117 daşary ýurtly synçylar hem bar.