Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) ýürek-damar kesellerine garşy göreşi güýçlendirmek maksady bilen “Global ýürek” kampaniýasyna badalga berdi. Bu barada BMG-niň Täzelikler merkeziniň elektron serişdesi habar berýär. BSGG-niň bu başlangyjy ýürek-damar keselleriniň töwekgelçilikleriniň öňüni almaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýäde bu ugurdan keselleýänleriň sany az däl.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýürek-damar kesellerine sebäp bolýan çilim çekmek, köp mukdarda duz, şeker, ýag ulanmak hem-de fiziki hereketden çetde durmak ýaly ugurlarda wagyz-nesihat işlerini geçirmegi göz öňünde tutýar. Ýokarda agzalan ähli ugurlar ýürek-damar keselleriniň döremegine sebäp bolýar.
Saglykly iýmitlenmek we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek babatda ýola goýlan wagyz-nesihat işleriniň netijesinde, ýürek-damar keselleri sebäpli aradan çykýanlaryň sanynyň ABŞ-da 40 göterim, Finlýandiýada 80 göterim azalmagyna getirdi. BSGG täze başlangyjy arkaly dünýäde ýürek-damar keseli bilen keselleýänleriň sanyny azaltmagy maksat edinýär we bu ugurda oňat netijeler gazanjakdygyny nygtaýar.