Ýaponiýanyň paýtagty Tokiodaky 231 ýyllyk taryhy restoran dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli şu aýyň ahyrynda ýapylar. Kawajin atly bu restoran 1790-njy ýylda Ýaponiýanyň Edo döwründe açylypdy. Şondan bäri süýji suw önümleri taýýarlanýan dürli tagamlary bilen belli restoran esasan hem toýlar, ýatlama günleri üçin ýerli halkyň hem-de jahankeşdeleriň arasynda uly meşhurlyk gazanypdy. Ýöne pandemiýa sebäpli adatdan daşary ýagdaý medeni mirasa öwrülen bu restoranyň ýapylmagyna getirdi. Kawajiniň 8-nji nesil ýolbaşçysy Kazuki Amamiýa: “Şunça ýyllap halka hyzmat eden restoranyň meniň ýolbaşçylyk edýän döwrümde ýapylmagy juda gynandyrýar” diýip, aýtdy.