Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen geçýän 2021-nji ýyl uly üstünlikler bilen başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýyly ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin şowly ýyllaryň birine öwrüler.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýy şatlykly wakalara hem-de habarlara baý bolýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi, şeýle hem Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, «Akina-Andhoý» beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur – Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parahatçylyksöýüjilik taglymaty iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýar. Parahatçylyk we ynanyşmak ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň özenine hem-de ýörelgesine öwrüldi.
Şol ýörelgelere esaslanyp, milli Liderimiz sebitde umumy geoykdysady hem-de syýasy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirjek halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlaryň esasynda iri halkara derejesindäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýokarda agzalyp geçilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň Merkezi hem-de Günorta Aziýany Ýewropa we Ýakyn Gündogar bilen birikdirýän ulag-kommunikasiýa aragatnaşygynyň hem-de yklym derejesinde energiýa üpjünçiliginiň täze zolagynyň kemala getirilmegine giň mümkinçilik berýär. Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu üç taslama gysga möhletlerde amala aşyryldy. Olar umumy maksada – biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir, giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň we teklipleriniň iş ýüzünde durmuşa geçýändiginiň şaýady bolýarys. Häzirki taslamalar sebitiň yklymyň durnukly ösmegi üçin berk binýat bolup hyzmat etmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giňden ýardam eder. Täze elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda giň gerimli özara hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň «Ýedi ýyl mundan oň, prezidentlige dalaş eden wagtym menden daşary syýasatymy nireden başlajakdygymy sorapdylar. Şonda men Türkmenistandan diýip jogap berdim. Meniň jogabym watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly syýasatçylaryň ençemesini haýran galdyrypdy. Bu gün bolsa, olaryň iki doganlyk we goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary görüp, meniň jogabymyň dogrudygyna düşünendiklerine ynanýaryn» diýip, bellän sözleri dostlukly owgan halkynyň milli Liderimiziň taýsyz tagallaryna çäksiz hormatynyň nyşanydyr.
Biri-birinden has uly ähmiýete eýe bolan taslamalar Owganystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwdany işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer. Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, daşalýan ýükleriň möçberi birinji ýylda 20 göterim hem-de bu demir ýoly ulanmagyň ikinji ýylynda 50 göterim artar. Munuň özi ýük daşamalarynyň tizliginiň artmagyna getirer, iş orunlary peýda bolar. Täze demir ýol bilen birlikde, Owganystanyň köp bölegine täze durmuşyň hem geljekdigini ynam bilen aýdyp bolar. Türkmen demir ýol gurluşykçylarynyň amala aşyrýan işleri ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly goşandy bolup durýar. Owganystan babatda amala aşyrylýan energetika taslamalary hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu taslamalar Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryndan elektrik energiýanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hem-de ýurduň umumy elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam eder. Şeýle hem kuwwaty 500 kilowatt bolan elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegi bilen elektrik energiýasyny ulanýan adamlaryň sany ýurt boýunça 9 milliona çenli artar. Bu bolsa, Owganystany ygtybarly elektrik togy bilen üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar. Owgan tarapy öz çäginde türkmen elektrik energiýasyny kabul etmek üçin zerur bolan desgalary gurdy. Birinji tapgyrda ol Andhoý, Şibirgan we Mazari-Şarif şäherlerine iberiler. Ikinji tapgyrda – 2022-nji ýylyň başyna Puli-Humri we Kabul şäherlerine iberiler.
Halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda esasy maglumatlar «köprüsiniň» wezipesini ýerine ýetirer. Şeýlelikde, bu taslamalar parahatçylygyň we ynanyşmagyň esasynda ösdürilýän türkmen-owgan dostlugynyň esasy nyşany bolar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň hormatyna dabaraly çäreler hem ýurt möçberinde hem-de halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreler ýurdumyzyň täze ýyldaky üstünliklerini goşalandyryp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylamaga ähli mümkinçilikleri döreder.
Laçyn GELDIÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.