Kakadylan miweleriň we beýleki gury ir-iýmişleriň adam saglygyna peýdasynyň bardygy ozaldan mälimdir. Geçirilen barlaglarda ir-iýmişleriň ýene bir peýdasynyň bardygy anyklandy. Singapur milli uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglary bu iýmitiň ýatkeşlige oňyn täsiriniň bardygyny ýüze çykardy. Hünärmenler 40 ýaşan 17 müň adamyň iýmitlenmek düzgünlerini we olaryň beýnisiniň işjeňligini uzak wagtlap öwrendiler. Ylmy makalanyň netijesi barada «Age and Ageing» žurnalynda makala çap edildi. Onda deňagramly iýmitlenmegiň we iýmit sanawyňa ir-iýmişleri goşmagyň ýaşyň gitdigiçe döreýän huşsuzlygyň öňüni alýandygy bellenilýär. Iýmitlilik kuwwaty ýokary bolan bu azyk önümleri beýniniň işjeňligini artdyrýar, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Ylmy-barlaga gatnaşyjylarda geçirilen synaglarda orta ýaşan adamlaryň hepdede iki-üç gezek ir-iýmiş iýýänleriň beýnisiniň işjeňliginiň aýda bir gezek iýýänlere garanyňda 21 göterim ýokarydygy mälim edildi.
Gurban Baýnyýazow,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.