Ýurdumyzyň çöllerinde, daglarynda, çemenliklerinde, jeňňellerinde ösýän ösümlikleri örän gadymy wagtlardan bäri ata-babalarymyz dermanlyk üçin ulanyp gelipdirler. Häzirki wagtda halk tarapyndan dermanlyk diýlip ykrar edilen ösümlikleriň ylmy tarapynyň öwrenilmegine uly üns berilýär. Dermanlyk ösümlikleriň köpüsini adamlaryň ýabany görnüşden medeni görnüşe getirip, iýmit hökmünde ulanyp başlamaklary-da (garpyz, kädi, badyýan, alma, armyt, erik, nar, üzüm we beýlekiler) bu meselä türkmen halkynyň gaty çynlakaý çemeleşendiginiň aýdyň mysalydyr.
Häzirki döwürde sagdyn iýmitlenmek hem-de dürli miwelerdir ir-iýmişleriň dermanlyk häsiýetlerinden peýdalanmak zerur bolup durýar. Adam saglygyna peýdaly miweleriň biri hem injirdir. Injiriň dermanlyk ösümlikdigi üçin ony ýetişdirmek we ondan bol hasyl almak üçin ylmyň gazananlaryndan hem giňden peýdalanylýar.
Injir diňe tagamy bilen däl, eýsem, adam saglygyna peýdasy bilen hem tapawutlanýar. Dürli minerallardyr witaminlere baý bolan injiriň ortaça kaloriýasy bary-ýogy 35-40 kaloriýa deňdir. Saglyga çynlakaý peýdasy bolan injirde natriý, kaliý, magniý minerallary we C, B3, B6, B2, K witaminleri bar. Onda ýokary mukdarda kalsiý, demir, magniý, fosfor we B witaminleri bar. 100 gram guradylan injir iýlende, bedeniň gündelik kalsiý zerurlygynyň 17 göterimini, demriň we magniniň 30 göterimini, B1 witamininiň 5 göterimini we B2 witamininiň 4 göterimini kanagatlandyrýar.
Injir gan basyşyna hem peýdaly bolup, gan basyşyny kadalaşdyrmakda möhüm rol oýnaýan kaliýa baýdyr. Bedeni käbir zyýanly bakteriýalardan goraýan injir düzümindäki süýümler bilen iýmit siňdirmegi aňsatlaşdyrýar we bu aýratynlyk sebäpli bedeniňizi zyýanly bakteriýalardan goramakda möhüm rol oýnaýar.
Injir süňk we diş saglygyna oňyn täsir edip, içindäki ýokary fosfor we kalsiniň kömegi bilen süňkler we dişler üçin peýdalydyr. Injirdäki kalsiý beýleki iýmitlere garanyňda aňsat siňdirilýär, şonuň üçin süýt içip bilmeýän adamlara injir iýmek maslahat berilýär. Düwnük keselinden goraýan injirde benzaldegid diýilýän madda, düwnük öýjükleriniň ösmeginiň öňüni alýar we düzümindäki antioksidantlar hem düwnük öýjükleriniň ösmegine päsgelçilik döredýär.
Injir ýürek üçin hem peýdaly bolup, kaliý minerallarynyň bolmagy bilen gan basyşynyň deňagramlylygyny saklaýar we şeýlelik bilen ýürege oňyn täsir edýär.
Injir iň gadymy ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň biri bolup, Ortaýer deňzi ýurtlarynda, Kawkazda, Karpatlarda, Gara deňziň Krasnodar sebitinde, Merkezi Aziýada, Eýranyň daglyk ýerlerinde giňden ýaýrandyr.
Täze injirde 24 göterime çenli (käbir çeşmelere görä 75% -e çenli), guradylanynda 37 göterime çenli şeker (glýukoza, fruktoza) bar.
Injir täze, guradylan we konserwirlenen görnüşde peýdalanylýar. Miwesi örän ownuk tohumlary öz içine alýar, miwäniň tagamy şekerli ýa-da ortaça süýji. Her miwede 900-den gowrak tohum bar bolsa, bu gaty gowy. Şeýle hem tohumsyz görnüşi bar.
Injiriň miwesi ýaly onuň ýapragy hem peýdalydyr. Injiriň ýapragy derman çig maly hökmünde ulanylýar, sentýabr-oktýabr aýlarynda onuň ýapragy ýygnalyp, dermanlyk otlar taýýarlanylýar.
Türkmen halkynyň arasynda hem injir we onuň ýapragy barada «Injir suwuny çüýrän dişe çalsalar, dişe peýdaly bolar», «Injir agajynyň pyntygyny ekin meýdanyna sepseler, ol ýerdäki ähli gurtlar gyrlar», «Bir kişini it ýarsa, oňa injir ýapragyny bermeli», «Syrkaw kişä injir hoş ýakar», «Injiri köp iýýän adamyň endamy nurly bolar» diýen ýaly köp sanly atalar sözleri miras galypdyr.
Nowruzgeldi ORAZGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.