Ýew­ro­pa ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly eme­li hem­ra­lar to­pa­ry tas­la­ma­sy, döw­let we hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ryň baş­lan­gyç­la­ry­nyň ut­gaş­ma­sy­dyr. Oňa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry, şeý­le-de, «Oran­ge» we «Tha­les» ýa­ly hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar gat­naş­ýar. Bir ýyl do­wam et­jek bi­rin­ji tap­gyr­da tas­la­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­k bo­ýun­ça iş­ler kes­git­le­ner.
– Bu me­ga hem­ra­lar top­lu­my ýe­rüs­ti hyz­mat­la­ryň üs­tü­ni ýe­ti­rer. Şeý­le­lik bi­len, bu top­lum­la­ýyn hyz­mat­lar el­ýe­ter­li bo­lar we is­län wag­ty­ňyz is­len­dik ýer­de mag­lu­mat alyp, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de san­ly trans­fo­rma­si­ýa­ny ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler. Bu müm­kin­çi­lik­ler dür­li pu­dak­la­ryň ös­me­gi­ne go­şant go­şar – di­ýip, Ýew­ro­pa kos­mos ama­ly mer­ke­zi­niň te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa we top­lum­la­ýyn prog­ram­ma­lar mü­di­ri Elo­di Wio bel­le­ýär.
2019-njy ýyl­da ame­ri­kan «One­Web» we bri­tan-hin­di «Star­link» at­ly iki sa­ny uly eme­li hem­ra­la­r or­bi­ta çy­ka­ryl­dy. Il­kin­ji Ýew­ro­pa hem­ra­la­ry­ny 2024-nji ýyl­da, soň­ku­sy­ny bol­sa, 2028-nji ýyl­da uçur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ýew­ro­pa hem­ra­la­ry, esa­san, 5G we 6G in­ter­net bi­len üp­jün et­mek, hö­kü­met prog­ram­ma­la­ry­ny we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny go­ra­mak, go­şun we de­ňiz güýç­le­ri­ne hyz­mat et­mek üçin ula­ny­lar. Bu ýew­ro­pa­ly­lar üçin stra­te­gi­ki taý­dan mö­hüm­dir.