Ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri bol­dy. As­kar Ma­min Ga­za­gys­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­len­di, de­giş­li ka­ra­ra ýur­duň Prezidenti Kas­ym­-Žo­mart To­ka­ýew gol çek­di. Mej­li­siň (aşa­ky pa­la­ta­nyň) we­ki­li Al­bert Rau­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, Kas­ym-Žo­mart To­ka­ýew pa­la­ta­nyň mej­li­sin­de 2019-njy ýy­lyň few­ra­lyn­dan bä­ri Ga­za­gys­ta­nyň hö­kü­me­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip gel­ýän As­kar Ma­mi­niň da­laş­gär­li­gi­ni tek­lip et­di. Ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ni yg­lan eden pa­la­ta­nyň baş­ly­gy Nur­lan Nig­ma­tu­lin Pre­zi­den­tiň tek­li­bi­niň ses­le­riň köp­lü­gi bi­len gol­da­nan­dy­gy­ny aýt­dy.

Par­ti­ýa­nyň tä­ze li­de­ri. Mej­li­siň öň­ki spi­ke­ri Irak­li Ko­bak­hid­ze Gru­zi­ýa­nyň do­lan­dy­ry­jy «Gru­zin ar­zu­wy» par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Irak­li Ko­bak­hid­ze­niň da­laş­gär­li­gi «Gru­zin ar­zu­wy – De­mok­ra­tik Gru­zi­ýa» par­ti­ýa­sy­nyň gu­rul­ta­ýyn­da bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­dy. «Gru­zin ar­zu­wy­» par­ti­ýa­sy­nyň öň­ki baş­ly­gy Bid­zi­na Iwa­niş­wi­li 11-nji ýan­war­da par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­den çe­ki­lip, sy­ýa­sat­dan gi­den­soň onuň or­nu­na ge­len Irak­li Ko­ba­hid­ze par­ti­ýa­nyň dör­dün­ji baş­ly­gy bol­dy.

Saý­law­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ugan­da­nyň 76 ýaş­ly Pre­zi­den­ti Ýo­we­ri Mu­se­we­ni 58,64 gö­te­rim ses alyp, gaý­ta­dan saý­lan­dy. Mu­se­we­ni 1986-njy ýyl­da hä­ki­mi­ýe­te gel­di we ýurt­da uly tä­si­ri bar. Ol 5,8 mil­li­on­dan gow­rak saý­law­çy­nyň (58,64 gö­te­rim) gol­da­wy­ny al­dy. Esa­sy bäs­de­şi Ro­bert Kýa­gu­la­ni 34,83 gö­te­rim, ýag­ny 3,48 mil­li­on ses bi­len ikin­ji or­ny eýe­le­di. Ugan­da­nyň Pre­zi­dent­li­gi üçin 11 da­laş­gär bäs­leş­di. Saý­law­la­rda 18 mil­li­on­dan gow­rak adam ses ber­di.

Okuw­la­ry­ny do­wam et­di­rer. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýurt­da ýo­ka­ry bi­lim al­ýan 1000 sa­ny da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­la­ryň ap­rel aýyn­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa do­la­nyp bil­jek­dik­le­ri­ni ha­bar ber­di. Bu sa­na­wa Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da oku­wy­ny baş­lan, ýö­ne dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li 2020-nji ýyl­da ser­het­de gi­ri­zi­len çäk­len­dir­me­ler se­bäp­li yzy­na do­la­nyp bil­me­dik da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­la­r gir­ýär. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da­ky da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­la­ryň kö­pü­si hy­taý­ly­dyr. Da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­la­ryň umu­my sa­nyn­da hy­taý­ly­la­ryň pa­ýy 30 gö­te­rim­den gow­rak­dyr.

Iň uzyn as­ma ýo­ly açyl­dy. Ser­bi­ýa­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky dag ge­riş­le­rin­de uzyn­ly­gy 9 ki­lo­met­re deň bo­lan dün­ýä­niň iň uzyn as­ma ýo­ly açyl­dy. «Gold gon­do­la» as­ma ýo­ly Zla­ti­bo­r şä­he­ri­niň mer­ke­zi­ni Tor­nik da­gy­nyň de­pe­si bi­len bir­leş­dir­di. Bir sa­ga­dyň için­de on orun­lyk ka­bi­na­lar 600 ada­my äki­dip bil­ýär. As­ma ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy 2016-njy ýyl­da baş­lan­dy. Bu tas­la­ma­nyň ba­ha­sy 13 mil­li­on ýew­ro deň. Belg­rad­dan 200 km gün­ba­tar­da ýer­leş­ýän Zla­ti­bor şä­he­ri ýur­duň iň uly sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­rin­iň bi­ri­dir.

Mü­sür­dä­ki açyş­lar. Kai­riň gü­nor­ta­syn­da­ky Sak­ka­ra­da ga­dy­my yba­dat­ha­na­ny we 50-den gow­rak sar­ko­fa­gy ýü­ze çy­kar­dy­lar. Tä­ze Pa­ty­şa­lyk döw­rü­ne (mi­la­dy­dan öň XVI –XI asyr­lar) de­giş­li agaç sar­ko­fak­lar 10-12 metr çuň­luk­da ýö­ri­te di­war gur­luş­la­ryň için­den ta­pyl­dy. Şeý­le hem, ar­heo­log­lar yba­dat­ha­na­ny we üç sa­ny ker­piç am­ma­ry­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. On­dan gow­rak pi­ra­mi­da­nyň, ga­dy­my yba­dat­ha­na­la­ryň ýer­leş­ýän me­ka­ny bo­lan Sak­ka­ra, ga­dy­my Mü­sü­riň Mem­fis şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. Ol ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len.

Sürüjisiz met­ro ot­lu­sy. Nýu-De­li met­ro­syn­da sü­rü­ji­siz ot­ly­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, «Del­hi Met­ro Ra­il Cor­po­ra­ti­on» dün­ýä­niň sü­rü­ji­siz iş­läp bil­ýän met­ro tor­la­ry­nyň li­ga­sy­na go­şul­dy. Il­kin­ji sü­rü­ji­siz met­ro ot­lu­sy­nyň iş­läp baş­la­ma­gy Hin­dis­ta­nyň in­tel­lek­tu­al ul­gam­la­ra nä­de­re­je­de äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň 18 şä­he­rin­de met­ro bo­lup, ola­ry 2025-nji ýy­la çen­li 25-e ýe­tir­mek mak­sat edi­nil­ýär. De­li met­ro­syn­da 285 be­ket bo­lup, uzyn­ly­gy 390 km deň we 11 ugur­dan yba­rat­dyr.