Ni­der­land­la­ryň paý­tag­ty Ams­ter­dam ja­han­keş­de­le­riň iň ha­la­ýan şä­her­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şä­he­riň bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy, ka­nal­la­ry, ga­ýyk­la­ry, we­lo­si­ped­le­ri we te­bi­ga­ty myh­man­la­ry özü­ne ben­di ed­ýär. Ýa­şaý­jy­la­rynyň sa­ny bilen deňeşdirilende, iň köp sy­ýa­hat­çy­nyň bar­ýan şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Ams­ter­dam­da mu­zeý­le­riň on­lar­ça­sy bar. Ge­liň, Ýew­ro­pa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän bu şä­her ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­la­ra se­re­de­liň!
Öň­ki dö­wür­ler­de ki­çi­jik şä­her­çe bo­lan Ams­ter­da­myň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ag­la­ba­sy ba­lyk­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan eken. Hä­zir­ki wagt­da şä­her­de 178 mil­le­tiň we­kil­le­ri ýa­şa­ýar.

Şä­her­dä­ki we­lo­si­ped­le­riň sa­ny ila­tyň sa­nyn­dan hem köp. Şä­her­de we­lo­si­ped sü­rü­ji­le­ri üçin ni­ýet­le­nen ýo­da­la­ryň umu­my uzyn­ly­gy 400 ki­lo­met­re ýet­ýär.
Şä­her de­ňiz de­re­je­sin­den or­ta­ça 6,7 metr pes­de ýer­leş­ýär. Şä­her­de ulu­ly-ki­çi­li 1281 köp­ri bar.
Ams­ter­dam­da ka­nal­la­ryň üs­tün­de gur­lan 2 500 tö­we­re­gi jaý bar.
Ams­ter­da­myň esa­sy bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy ha­sap­lan­ýan öňi dar we be­ýik jaý­lar öň­ki dö­wür­ler­de ýer­den sal­gyt alyn­ýan­dy­gy se­bäp­li şeý­le gur­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu jaý­lar şä­he­riň esa­sy ny­şan­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Bu şä­he­riň myh­man­la­ry­nyň sa­ny ýyl­sa­ýyn kö­pel­ýär. Ams­ter­da­ma ýyl­da, or­ta­ça, 21 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Ams­ter­da­myň bi­na­la­ry­nyň kö­pü­si ozal­ky wagt­da bat­ga­lyk bo­lan ýer­de agaç ga­zyk­la­ryň üs­tün­de gur­lup­dyr. Şä­he­riň ot­ly men­zi­li­niň hem şeý­le usul­da gur­lan­dy­gy aý­dyl­ýar.
Şä­her­de 75 mu­zeý bar.
Şä­her­de «Backie» at­ly adal­ga bar. Bu söz ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň is­leg bil­dir­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ry we­lo­si­ped­le­ri­niň yzyn­da­ky otur­gyç­da ge­ze­lenç et­dir­me­gi­ni aň­lad­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da şä­her­de üç öl­çeg­li çap et­mek (3D) usu­lyn­da gur­lan jaý­lar hem bar.
Ta­ryh­da il­kin­ji bir­ža bu şä­her­de peý­da bo­lup­dyr.
Dün­ýä­niň beý­le­ki is­len­dik şä­he­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de ýa­şaý­jy sa­ny­na gö­rä iň köp mu­zeý Ams­ter­dam­da ýer­leş­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da şä­her­de Wan Gog, Reýks, Ste­de­leýk mu­zeý­le­ri, An­na Fran­kyň we Remb­rand­tyň öý mu­zeý­le­ri bar.
Dün­ýä bel­li su­rat­keş Wan Go­guň mu­ze­ýin­de sun­gat us­sa­dy­nyň 200-e go­laý ese­ri bar.