Fransiýanyň “Alstom” logistika kompaniýasy dünýäniň wodorod bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusyny tanyşdyrdy. Jemgyýetçilik ulagy indiki ýylyň ahyrynda Germaniýada ulanylyp başlanar. “Coradia iLint” atly sessiz otly ýangyjyň ýokary tehnologiýa talap edýän görnüşi bilen işleýär. Lokomotiwiň ýokarsynda wodorod ýangyjyny saklaýan tank sisterni ýerleşdirilipdir. Ondan demir ýol serişdesiniň hereket etmegi üçin energiýa öndürilýär. “Alstom” kompaniýasy bu otlynyň häzirki wagtda Ýewropa ýurtlarynda bar bolan, dizel ýangyjy bilen işleýän otlularyň ýerini tutjakdygyny mälim etdi. Otlular köp ýurtda elektrik energiýasy bilen işleýän hem bolsa, entek dizel hereketlendirijili lokomotiwlerem az däl.
“Alstom”-yň döwrebap otlusy Berlinde geçirilen “InnoTrans” atly söwda sergisinde görkezildi. Ol 2017-nji ýylyň soňky aýlaryndan başlap, Bukstehude-Bremerförde-Bremerhafen-Kukshafen ugry boýunça hereket eder. Bu şäherler ýurduň Aşaky Saksoniýa sebitine degişlidir. Sebitiň ýerli häkimiýeti olaryň 14-sini sargyt edipdir. Germaniýanyň demir ýol edarasy bolsa, bu otlyny bir ýyllap synagdan geçirer.
Öňki pikir, täze tehnologiýa
“Coradia iLint” wodorod bilen işleýän ilkinji otludygyna garamazdan, mundan ozal ýangyjyň bu görnüşi bilen işleýän başga ulaglar hem öndürildi. Hatda häzire çenli wodorod bilen işleýän demir ýol serişdesini öndürmek üçin hem birnäçe synanyşyk edilipdi. AT&T kompaniýasynda birnäçe ýyl zähmet çeken Stan Tompson ýangyjyň bu görnüşi arkaly işleýän demir ýol ulagyny taýýarlamak üçin köp tagalla edipdi. Ol 2004-nji ýylda “hydrail” (hidrogen – wodorod, rail – demir ýol) adalgasyny orta atypdy. Şondan bäri wodorodly demir ýol ulaglarynyň döredilmegi üçin birnäçe teklipler hödürlendi. Bu ugurda Ýaponiýada käbir taslamalar taýýarlanypdy.
Ýokary tehnologiýa talap edýän, daşky gurşaw üçin zyýansyz, sessiz ulagyň bu görnüşi Germaniýada demir ýol ulgamyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan özgerişlikleriň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Ýewropanyň iň uly demir ýol edarasy bolan “Deutsche Bahn” golaýda “Hyperloop Transportation Technologies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu ugurdaky iň soňky tehnologiýany ýurtda ornaşdyrmagy maksat edinýändigini mälim edipdi.
Geljegiň otlularyny işläp taýýarlaýar
Ýokary tehnologiýa enjamlaryny öndürmegi bilen tanalýan “Siemens” kompaniýasy Reýnland Tehniki instituty bilen bilelikde has kämil otlulary öndürmek üçin hyzmatdaşlyk eder. “Geljegiň otlulary” alty taslamanyň çäklerinde täze materiallardan peýdalanylar we önümçilik prosesinde düýpli özgertmeler durmuşa geçiriler. Taslamanyň çäklerinde jemgyýetçilik ulaglary bilen bir hatarda, demir ýol gatnawyndan ýekelikde peýdalanmaga degişli teklipler hem hödürlenýär. Geljegiň otlulary taýýarlananda esasy tizlige we rahat gatnawa üns berilýär. Taslamanyň çäklerinde awtoulag we beýleki gatnaw serişdelerine garanyňda, otlularyň has oňaýly bolmagy gazanylar. Şeýle hem olaryň has elýeterli bolmagy üçin hem tagalla edilýär. Demir ýollar bilen bagly iň uly meseleleriň biri hem olaryň galmagally bolmagydyr. Şol sebäpli inženerler has sessiz otlulary işläp taýýarlamagyň aladasyny edýärler. Önümçilik prosesi bilen baglylykda bolsa, 3D tehnologiýasyndan has köp peýdalanylmagyň tagallasy edilýär. Önümçiligiň bu usuly häzirki wagtda uçar önümçiliginde giňden ulanylýar we arzan bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, otlularyň ätiýaçlyk şaýlaryny hem gysga wagtda gerekli mukdarda öndürmek ýola goýlar. Ýokary tehnologiýadan peýdalanylyp öndürilen otlular diňe ýolagçy gatnawynda däl, eýsem, ýük daşamakda hem giňden peýdalanylar. Inženerler geljekde sürüjisiz otlulary hem öndürmegiň aladasyny edýärler.