Adamzat birnäçe ýyldan bäri älem giňişliginde ýaşaýşyň ýa-da ýaşaýyş üçin gerekli şertleriň bardygyny ya-da ýokdugyny anyklamaga çalyşýar. Ýaşamaga ukyply bolup biljekdigi çaklanylýan Mars planetasynda hem şeýle gözlegler geçirilýär. Emma birnäçe ýyldan bäri gyzyl planetada ýaşaýşyň alamatlaryny gözleýän “Curiosity” robotynyň soňky goýberen maglumatlary bu umydyň puja çykjakdygyny görkezýär. Amerikan aerokosmos edarasy (NASA) “Curiosity”-niň goňşy planetada metan gazyny tapmandygyny mälim etdi. Bu gaz ýaşaýşyň alamaty hasaplanýar. Astronomlar bu planetada mikrobik ýaşaýşyň bardygyny çaklaýardylar. Ýer ýüzündäki metan gazynyň aglabasy janly organizmler tarapyndan bölünip çykarylýar.
Mundan ozal, Ýerdäki teleskoplar arkaly geçirilen barlaglarda Marsda metan gazynyň bardygy, şol sebäpli hem janly organizmleriň bolup biljekdigi çaklanylypdy.
“Curiosity”-niň soňky maglumatlary barada “Science” žurnalynda makala çap edildi. Bu enjam 2011-nji ýylyň 26-njy noýabrynda kosmosa uçurylyp, 2012-nji ýylda gyzyl planetadaky Gale kraterine gonupdy.
Adamzat Marsda diňe ýaşaýşyň alamatlaryny gözlemeýär. Kosmos giňişliginiň çuňluklaryna aralaşmak üçin Marsda beketleri gurmagy hem maksat edinýär. “Curiosity” bolsa, bu maksatlara ýetmek üçin häzire çenli Marsa ugradylan iň kämil enjam bolmagynda galýar. Robotda 12 kamera, meteorologiýa barlaglaryny, buraw işlerini geçirýän abzallar bolup, planetada ylmy barlaglary geçirmäge ýardam edýär.
Marsa ýolagçy gatnawy ýola goýlar
Kosmos pudagynda işleýän iň uly hususy kompaniýa bolan “SpaceX” şereketi Marsa uçurylmaga niýetlenen raketalary işläp taýýarlaýar. “SpaceX” bilen bir hatarda elektromobilleri öndürmekde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýasy “Tesla” hem ýolbaşçylyk edýän Elon Musk kosmos pudagynda amala aşyryljak taslamalar barada maglumat berdi. Kompaniýa gyzyl planetada adamlaryň ýaşamagy üçin şäher gurmagy maksat edinýär. Ol ýerde guruljak beket başga planetalara gitmekde düşelge hökmünde hyzmat eder. Golaýda kompaniýa goňşy planeta gitmäge niýetlenen raketanyň “Raptor” atly hereketlendirijisiniň soňky nusgasynyň synagdan geçirilýändigini mälim etdi. Bu motor häzirki wagtda ulanylýan “Falcon 9” raketasynyňkydan üç esse kuwwatlydyr. 2002-nji ýylda esaslandyrylan “SpaceX” bu motory 2009-njy ýyldan bäri işläp taýýarlaýar. Indi ol synagdan geçirilip başlandy. “Raptor” taslamasynyň çäklerinde Marsa köpçülikleýin syýahatyň ýola goýulmagy maksat edinilýär. Elon Musk bu barada twitter arkaly maglumat berdi we bir sany surat goýdy.