Emgek ekinde galmaz.
Emgek – azap, çekilen horluk, siňdirilen yhlas diýen manylary aňladýar.
Bu nakyl zähmet bilen bagly bolup, topragyň çekilen azaby, siňdirilen yhlasy jogapsyz – miwesiz goýmajagy, yhlas bilen atylan her bir dänäniň müň boljagy aýdylýar we zähmetsöýerlik, jepakeşlik ündelýär.
Topragyň jomartlygy hakynda pederlerimizden bize galan başga-da birnäçe dürdäne setirler bar:
Ýykylsaň, ýere ýapyş.
Ýer bakany bakar, bakmadygy – ýykar.
Ýer doýmasa, är doýmaz.
Ýer daýhany dabanyndan tanar…