UFC 257 ady bilen BAE-niň paýtagty Abu Dabidäki Ýas Marina adasynda geçirilen tutluşykda amerikaly Dastin Porýe ýeňiş gazandy. Ol irlandiýaly meşhur garyşyk söweş sungatynyň ussady Konor MakGregory 2-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji raundda MakGregor azda-kände artykmaçlyk görkezse-de, 2-nji raundda Porýe garşydaşyny burça gabap, kellä yzly-yzyna urgular geçirdi. Şol urgularyň zarbyna çydap bilmedik MakGregor ýere serildi. Şondan soň emin tutluşygyň tamamlanandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, 2-nji raundyň 2 minut 34-nji sekundynda garşydaşyny nokauda iberen Porýe 34-nji duşuşygynda 27-nji ýeňşini gazandy. 32 ýaşyndaky söweşiji 13-nji sapar nokaut bilen garşydaşlaryndan üstün çykdy.

Konor MakGregor bolsa, 27-nji duşuşygynda 5-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ol ilkinji ýola tehniki nokaut bilen ýeňildi.

Dastin Porýe bilen Konor MakGregor mundan 7 ýyl ozal, has takygy, 2014-nji ýylda-da duşuşypdylar. Şonda irlandiýaly urşujy eýýäm 1-nji raundda ýeňiş gazanypdy.