“Sony” kompaniýasy geçen ýylyň başynda geçirilen “CES 2020” sergisinde garaşylmadyk ýagdaýda nusgalyk awtoulagyny köpçülige görkezipdi. Ýokary tehnologiýanyň önümi bolan “Vision-S” atly elektroulag häzire çenli dürli synaglardan geçirildi. Soňky wagtlarda tehnologiýa brendleri bilen awtoulag öndürijileriň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ýygjamlaşýar. Şeýle bolansoň, “Sony” kompaniýasynyň hem awtoulag öndürip-öndürmejekdigi köpleri gyzyklandyrýardy. Awtoulag žurnaly bolan “Car and Driver”-a beýanat beren “Sony” kompaniýasynyň wekili häzirki wagtda awtoulag satmak ýa-da köpçülikleýin öndürmek niýetleriniň ýokdugyny aýtdy. Wekiliň aýtmagyna görä, nusgalyk ulag diňe geljekki tehnologiýalary synagdan geçirmek üçin taýýarlandy we şeýle bolmagynda hem galar. Sedan görnüşli “Vision-S”-yň içinde we daşynda 33 sany sensor ýerleşdirilipdir. Ulagyň kabinasynda öň tarapyna tutuşlygyna ekran ýerleşdirilipdir.