Elektroulag önümçiligini ýaýbaňlandyrmagy maksat edinýän we häzire çenli bu ugurda uly öňegidişlik gazanan Ilon Mask tebigatyň arassaçylygy üçin baýrak yglan etdi. “Tesla” kompaniýasynyň ýolbaşçysy golaýda özüniň sosial mediýa akkaundyndan howadaky kömürturşy gazyny tutýan iň gowy tehnologiýa taslamasyny hödürläne 100 million dollar berjekdigini mälim etdi. Howadaky kömürturşy gazyny tutýan desgalar häzirki wagtda dünýäniň käbir köp ilatly şäherlerinde bar. Howadaky kömürturşy gazy tutulyp, köne kömür ýatagyna ýa-da nebit guýusyna goýberilýär. Bilermenler bu usulyň global maýylganlygyň öňüni almakda täsirli usullaryň biri boljakdygyny belleýärler.

Sähragül Döwranowa,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.