Parižde geçirilýän 91-nji halkara awtoulag sergisi 12-nji oktýabrda öz gapylaryny açdy. Bu çärede Hytaýyň rekord derejede köp, ýagny 16 öndürijisine degişli 25 brendi görkezilip, bu öňkülerden takmynan iki esse köpdür. Ýewropadan, Amerikadan we Aziýadan 100-den gowrak gatnaşyjyny we 60-dan gowrak awtoulag öndürijisini bir ýere jemleýän bu uly çäre Hytaý kompaniýalarynyň Ýewropa bazaryndaky uzak möhletli ornuny berkitmek we giňeltmek maksadyny aýdyň ýüze çykarýar.

Bir hepde dowam etjek halkara sergide esasy üns elektroulaglaryna, gibrid modellere, akylly sürüjilige we täze tehnologiýalara gönükdirilýär. Hytaýyň BYD, “Xpeng”, “Changan”, “Dongfeng” we “Leapmotor” ýaly öňdebaryjy brendleri elýeterli bahalary, ýokary derejeli modelleri hem-de çalt zarýad beriş çözgütlerini hödürlemek bilen, ýewropaly alyjylaryň ünsüni çekýär. Ýewropaly alyjylar üçin awtoulagyň bahasy, batareýalaryň kuwwaty, hyzmat we abatlaýyş çykdajylary esasy üns berilýän ugurlar hökmünde öňe sürülýär.

Eýýäm Ýewropada öz işjeňligini artdyran “Xpeng” kompaniýasy “Magna” bilen hyzmatdaşlykda Awstriýada awtoulag öndürýär we Mýunhen şäherinde ylmy-barlag merkezini açdy. Kompaniýanyň wekilleri tarifleriň hem-de syýasy düzgünleriň üýtgemeginiň uzak möhletli strategiýa täsir etmejekdigini bildirýärler. Şol bir wagtda sergide “Citroen”, “Peugeot”, “Renault”, “Audi” we “Volkswagen” ýaly Ýewropanyň iri awtoulag ägirtleri hem öz täze elektrik we tehnologik modellerini köpçülige hödürleýärler.