Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimizde ylym-bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribäni halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak boýunça täze döwrüň halkara talaplaryna laýyk işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda senagat harytlarynyň önümçiligi giň gerimde dowam etdirilýär.
Elektron enjamlarda ýagtylandyryjy diod lampalar hem giňden ulanylýar. Iki ýarymgeçirijiniň arasyndan elektrik togunyň akmagy bilen ýagtylýan çyra ýagty saçýan diod diýilýär. Tehniki aýratynlyklaryna görä, diodyň birnäçe görnüşi bolýar. Olaryň biri diodyň ýagtylygynyň reňkiniň öwüşgini boýunça onuň temperaturasyny kesgitläp bolýar. Bu temperatura sary reňkden mawy reňke çenli aralykda üýtgeýär we kelwin bilen ölçenýär. Ýyly sary reňk ortaça 2000 kelwine, ýyly ak reňk takmynan 2600 kelwine, bitarap ak reňk 3900 kelwine golaý, sowuk mawy takmynan 6400 kelwine laýyk gelýär.
Ýagtylyk saçmak bilen bir hatarda gyzýan lampalara garanyňda diodlar energiýany 8-12 esse tygşytly sarp edýär. Mysal üçin, adaty lampanyň sarp edýän kuwwaty 100 Wt bolsa, diod lampada bu görkeziji 12-15 Wt bolýar. Iki lampanyň ýagtylandyrylyşy hem deňeçer bolup, ortaça 1200 lýumene barabar. Ýagny, 100 Wt kuwwatly adaty lampanyň deregine 12-15 Wt kuwwaty bolan diod çyrany ulanmak arkaly şol bir ýagtylygy alyp bolýar. Ýagtylandyryjy diod ulananda diňe elektrik togy tygşytlanman, eýsem, tok akymyna düşýän agram hem pes bolýar. Bu bolsa, elektrik simleriniň gyzmagynyň öňüni alýar we olaryň uzak wagtlap ulanylmagyny üpjün edýär.
Maksat Gullyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň “Elektrotehnika we elektronika” kafedrasynyň mugallymy.