Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri 400 ýyllap ulanyp boljak batareýany oýlap tapdylar. Ony gaýtadan zarýad berip 4 asyr ulansa bolar. Ol şonda-da özüniň güýjüni ýitirmez. Bu täsin batareýany talyplaryň biri laboratoriýada ylmy barlaglary geçirýärkä, “ýalňyşlyk bilen” oýlap tapypdyr. Talybyň tapan batareýasy beýleki hünärmenleriň kömegi bilen öndürilipdir. Oňa 3 aýyň dowamynda 200 müň gezek zarýad beripdir. Ol şonça ulanylsa hem öz güýjiniň bary-ýogy 5 göterimini ýitiripdir. Bu bolsa, ony adaty şertlerde 400 ýyllap ulanyp boljakdygyny görkezýär. Ony öndürmegiň kyn tarapy bolsa, altyndan edilen nanogeçirijiler zerur. Şol sebäpli, ol häzirlikçe gymmada düşýär. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde, onuň özüne düşýän bahasyny hem peseltmek mümkin bolar.