Portugaliýanyň häzirki Lideri Marselo Rebelo di Souza ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda 60,7 göterim ses bilen ýeňiş gazandy. Ikinji orunda saýlawçylaryň 12,9 göterimi tarapyndan goldanan Sosialistik partiýadan dalaşgär, ozalky ýewro wekil Anna Gomeş, üçünji orny sagçy partiýa «Chega!»-nyň lideri Andre Wentura eýeledi. Dalaşgärleriň galan böleginiň gazanan sesleri 5 göterimden az boldy.
Portugaliýada Prezident saýlawlary 24-nji ýanwarda geçirildi. Dalaşgär ýeňiş gazanmak üçin bellenen 50 göterimden gowrak sese eýe bolanlygy üçin saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirilmeýär. Prezidentlige jemi ýedi adam dalaş etdi. 2016-njy ýylda Prezident wezipesine girişen Portugaliýanyň häzirki Lideri, 72 ýaşly Marselo Rebelo di Souza gazanan ýeňşinden soň saýlawçylaryň özüne bildiren ynamy üçin hoşallyk bildirdi we ozaly bilen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşi özüniň esasy wezipesi hasaplaýandygyny aýtdy.
Portugaliýanyň Prezidenti her bäş ýyldan bir gezek saýlanyp, giň ygtyýarlyklara eýedir. Prezidentiň Parlament tarapyndan kabul edilen kararlara weto goýmaga hukugy bolup, partiýa ýolbaşçysyna hökümet gurmagy tabşyrýar, maslahata çagyryp ýa-da Parlamenti ýatyryp bilýär.