Portugaliýanyň Žurnalistler bileleşiginiň öňki başlygy, ýurduň metbugat we teleýaýlym ulgamynyň tanymal wekili, žurnalist we ýazyjy Joakim Letriýa 82 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada maşgala ýakyn bolan çeşmelere salgylanyp, «Observador» neşiri habar berýär.

Ýurduň Medeniýet, ýaşlar we sport ministri Margarida Balseýru Lopeş žurnalistiň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi we ony «25-nji aprel wakalaryndan soňky döwrüň portugal žurnalistikasynyň iň görnükli wekilleriniň biri» diýip atlandyrdy.

1943-nji ýylda Lissabon şäherinde doglan Joakim Letriýa portugal žurnalistikasynyň ösüşine uly goşant goşdy. Ol «O Jornal» we «Tal & Qual» hepdelik neşirleriniň düýbini tutujylaryň biri boldy, şeýle hem Portugaliýanyň RTP döwlet teleýaýlymynyň habarlar maksatnamalarynyň müdiriniň orunbasary wezipesinde işledi.

Zähmet ýoluna 1963-nji ýylda «Diário de Lisboa» gazetinde başlan žurnalist halkara giňişlikde hem işjeňlik görkezdi. Ol «The Associated Press» hem-de «Deutsche-Presse Agentur» agentlikleriniň habarçysy bolup işledi, şeýle hem Londondaky BBC radio-teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Köp ugurly hünär ýoluny geçen Letriýa teleradio gepleşikleriň awtory we alyp baryjysy hökmünde meşhurlyk gazandy we 1974-nji ýylda «Telewideniýe» ugry boýunça Metbugat baýragyna mynasyp boldy. Ol žurnalistika degişli hünär kitaplarynyň we 1998-nji ýylda neşir edilen «A Verdade Confiscada» romanynyň awtorydyr.

Joakim Letriýa 20 ýyldan gowrak wagtyň duşunda Portudaky Ýokary žurnalistika mekdebinde, Lissabonyň Awtonom uniwersitetinde hem-de Aweýrudaky Ýokary ylymlar we dolandyryş institutynda (ISCIA) mugallymçylyk etdi. Ol 1968-nji ýyla çenli Portugaliýanyň Kommunistik partiýasynyň agzasy boldy, soňra bolsa 1986-njy ýyla çenli Portugaliýanyň şol döwürdäki Prezidenti Ramalýu Eanişiň metbugat kätibi wezipesini ýerine ýetirdi.