Ýewropa Bileleşiginiň iň uly ýük awtoulag öndürijileri 2040-njy ýyla çenli benzin we dizel hereketlendirijili agyr ýük awtoulaglarynyň satuwyny bes etmegi maksat edinýärler. Mundan ozal bu düzgüniň 2050-nji ýyla çenli girizilmegi meýilleşdirilipdi. Bu barada «Finansal Taýms» habar berýär.
Degişli borçnama, Ýewropanyň awtoulag öndürijileri birleşiginiň howandarlygynda «Daimler», «Scania», «Man», «Volvo», «Daf», «Iveco» we «Ford» kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan gol çekilen şertnamada göz öňünde tutulan. «Muny gazanmak üçin tagallalary birikdirmeli» diýip, Şwesiýanyň «Scania» kompaniýasynyň baş müdiri Henrik Henriksson aýtdy.
Bu bileleşik howanyň üýtgemegini öwrenmek boýunça Potsdam instituty bilen ýakyn hyzmatdaşlykda batareýa tehnologiýasyna, wodorod we ekologiýa taýdan arassa ýangyçlara ünsi jemlemegi meýilleşdirýär. Bileleşik täze tehnologiýalara 50-100 milliard ýewro sarp eder. Şeýle-de, awtoulag öndürijiler energiýa ulgamlaryna ummasyz maýa goýumlarynyň goýulmagyny hem-de tutuş Ýewropada uglerod salgytlarynyň köpeldilmegini islediler.
Häzirki wagtda bileleşik 1990-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň uglerod zyňyndylaryny 55 göterim azaltmagy maksat edinýär. Bu düzgün, 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny 40 göterim azaltmagy göz öňünde tutýan Ýewropa Bileleşiginde şu günki güne çenli bar bolan borçnamalaryny ep-esli artdyrýar. Şeýle düzgünleriň güýçlendirilmegi, Ýewropa Komissiýasy tarapyndan 2050-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýetiniň howa goýberilýän uglerod zyňyndylaryny nol derejä ýetirmek baradaky talaplaryny ýerine ýetirmek üçin zerurdyr.