Türkiýäniň dünýä belli dynç alyş-syýahatçylyk merkezi hasaplanýan Bodruma 35 ýyla golaý wagtdan soň ilkinji gezek gar ýagdy. Ir bilen güýçli şemal öwsüp ýagyş ýagdy. Günortan wagtlarynda Gün çyksa-da, agşamara ilki ýagyş, doly, soňra gar ýagdy. Şäheriň merkezi etraplarynyň biri bolan Biteze hem Milasa ýagan gar halky haýran galdyrdy. Bu gar olar üçin ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Ýaşaýjylar, esasan hem, çagalar ýagan garda dürli oýunlar oýnadylar. Ilkinji gezek gar gören çagalar gardan adam ýasadylar. Ýeri halk bu ýerlere soňky gezek 1987-nji ýylda garyň ýagandygyny belleýärer.