Ýer ýüzinde üzümiň 4 müňden gowrak görnüşi bolup, köp ýurtlarda ýaýrandyr. Terligine-de iýilýän üzümden dürli azyk önümleri taýýarlanýar. Üzüm biziň ýurdymyzda hem giňden ýaýran miweli agaçlaryň biridir. Üzümiň miwesiniň düzüminde 20 göterime golaý şeker, kwarsetin, turşuja, salisil kislotalary, B we C witaminleri bardyr. Tohumynda 20 göterime golaý dürli ýaglar, wanilin, ýapragynda 2 göterim şeker bardyr. Üzümiň miwesi we ýapragy ir döwürlerden bäri dermanlyk serişde höküminde ulanylyp gelipdir. Üzümiň miwesi adam bedenine örän ýokumly azyk önümi bolmak bilen, ol adam saglygyny berkitmekde has peýdalydyr. Üzümiň dermanlyk ähmiýetine dünýä belli Lukman Hekim hem üns beripdir. Ol üzümi dürli kesellere garşy ulanypdyr. “Lukman Hekimiň melhemleri” kitabynda üzüm barada şeýle ýazgylar bar. “Üzüm agajynyň ýapragy we murtjagazlary kellagyryny aýyrýar. Onuň üçin ony ýapgy etmeli. Ýabany üzümiň gabygyny bala garyp çalsaň dişleriň eti gananda haýyr edýär”. Ol kitapda “…..täze üzümi iýseň, içiňi çişirýär, şonuň üçin ýygylyp birnäçe gün saklanan üzümi iýseň bedeniň berkeýär. 2-3 gün ýygylyp goýlan üzümi iýmek peýdalydyr. Üzümiň kişmişi-de aşgazana, bagra, dalaga, böwrege we peşew halta ýaramlydyr. Üzümiň özi we kişmişiň dänesi bilen iýlende içege agyrysyny aýyrmaga peýda eder. Emma çakdanaşa köp iýseň kişmişiň peşew halta zyýan etmegi-de mümkin” diýen pikir bar. Üzümiň miwesi guradylan, gaýtadan işlenen görnüşünde (üzüm şiresi, toşap we ş.m.) hem gymmatlydyr. Öý bikeleri gyş aýlary üçin üzüm şiresini, toşap gaýnadyp dürli çüýşe gaplarda saklaýarlar. Bu bolsa häzirki gyş aýlarynda bereketli türkmen saçagynyň bezegine, ähli adamlar üçin iň ýokumly çörek hurşy bolýar.

  Gülhumar HOJAHMETOWA

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.